Sepleriň elýeterliligi

Orsýet türk kenarlaryndan ýüz öwürýär


Antalýa, kurort şäheri.

Antalýa, kurort şäheri.

Türkiýäniň güneşli kenary gujaklap oturan Antalýa şäherinde lowurdaşyp oturan bäş ýyldyzly myhmanhanalaryň 300-den gowragy her ýyl millionlarça orsýetlileri myhman alýar.

Bu kaşaň myhmanhanalaryň garşysyndaky gyralary apelsin agaçlary bilen bezelen tegmiltsiz köçeleriň ugrunda bolsa hatar-hatar täze gurlan jaýlar, köpgatly söwda merkezleri, kofehanalar, ýalpyldap duran altyn-kümüş dukanlary bar. Bularyň hemmesiniň güzerany dynç almaga gelýän orsýetli syýahatçylara bagly.

Ýöne häzir, dekabr aýynyň başlarynda myhmanhanalarda hem dükanlarda müşderiler göze ilenok. Dükançylaryň aglabasy daşarda agaç oturgyçlaryň üstünde çilim çekip, kofe içişip otyrlar.

Kofehanalaryň birinde söwda we marketing müdiri, 32 ýaşly Tolga Baris otyr. Onuň işi sekiz sany kaşaň myhmanhanany myhmanlar bilen doldurmak. Ýöne Barisiň söwdanyň üstüne abanýan häzirki howpuň garşysyna kän bir edip bilýän işi ýok. Kreml, Türkiýäniň öten aý Siriýa serhetinde Orsýetiň harby uçaryny atyp ýykmagyna jogap edip, orsýetli syýahatçylara dynç alşa Türkiýä gitmegi gadagan etdi.

Baris: "Orsýetli syýahatçylar bolmasa, syýahatçylyk syýahatçylyk däl" diýip, çaýyny owurtlaýar-da, dükanlara tarap elini galgadyp, "Ana, görýärsiňiz, hemmesi boş ýatyr" diýýär.

"Men iki sany syýahatçylyk agentlikleri bilen gürleşmek üçin Moskwa gideýin diýip ýördüm. Ýöne indi ol ýere gitmegiň peýdasy ýok" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

Baris orsýetli syýahatçylaryň sany tomus aýlarynda köpelmese, Antalýada syýahatçylyk senagaty "hakyky krizise" batar diýen düşünjede.

Ýöne Ankara bilen Moskwa arasyndaky barha artýan gyzgyn ritorikany nazara alanyňda, ýagdaý köşeşjege meňzänok.

Antalýanyň kenar ýakalary, maýyl howa onlarça ýyllap orsýetlileri özüne çekip geldi. Amatly uçar gatnawy, wiza erkinligi hem bu işi aňsatlaşdyrdy. Sebit özüniň Moskwany tema edinen Täsinlikler dünýäsi Kreml köşgi atly myhmanhanasyna, Konýa altynyň Matrýoşka seýilbagyna we onuň uly göwrümli ors gurjaklaryna, Mamma Russkiý naharhanasyna guwanýar.

Orsýetde Türkiýe daşary ýurtdaky esasy dynç alynýan ýer hasaplanýar. Döwletiň beren sanlary boýunça ýylyň deslapky dokuz aýynda bu ýere Orsýetden 3.3 million adam gelipdir. Olaryň her ýyl Antalýanyň ykdysadyýetine goşýan goşandy 6 milliard dollar töweregi. Tutuşlygyna alanyňda, ýanwar bilen sentýabra çenli bolan aralykda Türkiýe syýahatçylykdan 21 milliard dollar çemesi girdeji alýar.

37 ýaşly Akaý Jan Dagkyran Antalýada ”Motto” kofehanasynyň eýesi.

Ol: "Biziň bu etrapdaky alyjylarymyzyň we syýahatçylarymyzyň köpüsi orsýetli. Olar bize, elbetde, möhüm. Sebäbi Antalýa gelýänleriň elli prosentden gowragy orslar" diýýär.

Dagkyranyň bellemegine görä, ozallar syýahatçylaryň sany ýokary bolmadyk mahallarynda-da ýeterlik müşderi bolupdyr. Ýöne indi "orsýetli syýahatçylar asla ýok". Müşderileriň kemelmegi zerarly Dagkyran naharhanalarynyň birini ýapmaly bolupdyr.

"Biziň orsça menýularymyz bar. Öz işgärlerimizi orsýetlilere hyzmat etmek üçin türgenleşdirýäris. Klaslara iberip, olara orsça öwredýäris. Ähli zat orsýetli syýahatçylara bagly" diýip, ol gürrüň berýär.

Türkiýä gelýän syýahatçylaryň sany ozal hem azalyp başlapdyr. Muňa ilkinji nobatda Orsýetiň barha ýaramazlaşýan ykdysadyýeti, rubluň hümmetiniň aşaklamagy we orsýetlileriň gurbunyň peselmegi sebäp bolupdyr.

Dagkyran öz çaklamalaryna, syýahatçylyk agentliklerinden, myhmanhanalaryň müdirlerinden we beýleki häkimiýetlerden eşiden zatlaryna esaslanyp, 2016-njy ýylyň syýahatçylyk möwsümi "uly zyýan" bilen tamamlanar diýen pikirden ugur alýar.

Antalýada ýerleşýan "Mudem Tours" syýahatçylyk agentliginiň söwda wekili Gazi Demir Moskwa bilen Ankaranyň arasyndaky oňuşmazlygyň öz işine "durgunlyk" getirendigini aýdýar.

Syýahatçylyk ulgamynda 20 ýyldan köpräk wagt bäri işleýän Demir: "Bu işiň segsen prosenti orsýetli syýahatçylar bilen baglanyşykly. Geljek barada biziň hemmämiz aladalanýarys" diýýär.

Ýöne Türkiýede indi Orsýete bil baglamaly däl diýmäge gyssanmaýanlar-da bar.

"Antalýa orsýetliler üçin döredildi" diýip, "Olbia" myhmanhanasynyň eýesi Ahmet Hamdi Karagöz aýdýar.

Ol sebitiň syýahatçylyk ifrastrukturasy, onuň Moskwa ýakynlygy - uçar bilen diňe 2 1/2 sagat ýol - şeýle hem iki ýurduň arasyndaky wizasyz gatnaw bu şäheri orsýetliler üçin bir kämil dynç alyş ýerine öwürdi diýýär.

Karagöz özüniň Ankara bilen Moskwanyň arasyndaky dartgynlylygyň basym ýatyşaryna garaşýandygyny belläp, iki ýurt biri-birine "berk baglanyşykly" diýip, sözüniň üstüne ýetirýär.

Türkiýede 70 müň ors dilli emigrant bar. Olaryň köpüsi syýahatçylyk ulgamynda işleýär. Moskwanyň Ankaranyň garşysyna girizen jezalandyryjy çäreleriniň zyýanyny olar-da çekýär.

"Scorpio Russian" naharhanasynyň işgäri ors dilinde gürleýän ukrainaly Ýuliýa: "Häzir gyzgalaňly möwsüm däl, şol sebäpden biz onuň [ors syýahatçylarynyň azalmagynyň] täsirini gaty az duýýarys" diýýär.

Ýöne orsýetli syýahatçylaryň arasynda ors hökümetiniň girizen gadagançylygyna garşy durýanlar-da bar. Olaryň biri öz ejesi bilen Antalýa gelen moskwaly Natalýa.

Ol: "Men syýasata ähmiýet beremok. Bu ýere ençeme ýyl bäri gelýärin. Olar Orsýetden Türkiýä gitmegi gadagan etseler-de, men bu ýere gelmegiň başga ýollaryny tarapyn" diýýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG