Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Öňki premýer 10 ýyl aldy


Gazagystanyň ozalky premýer-ministri Serik Ahmetow korrupsiýa aýyplamalary esasynda 10 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Karagandanyň regional sudy Ahmedowa 11-nji dekabrda, ogurlykda we döwlet býujetini uly möçberde ýalňyş ulanmakda günäli tapylanyndan soň, höküm çykardy.

Dört aý çemesi ozal sud diňlenişigi başlanan Ahmetow özüniň bigünädigini aýtdy.

Ol 9-njy dekabrda sudda sözlän soňky sözünde prezident Nursoltan Nazarbaýewe ýüzlenip, özüniň "korrupsiýa alyp baran geleňsizligini bagyşlamagyny" haýyş etdi.

56 ýaşyndaky Ahmetow Karagandaly bolup, 2012-nji ýylyň sentýabryndan 2014-nji ýylyň apreline çenli premýer-ministr bolup işledi.

Ol geçen ýylyň aprelinde goranmak ministri edilip bellenildi, emma oktýabrda işden çekildi.

XS
SM
MD
LG