Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Partlamada 24 adam öldi


Bazarda bomba partlamasynyň bolan ýeri, Paraçinar, Pakistan, 13-nji dekabr, 2015.
Bazarda bomba partlamasynyň bolan ýeri, Paraçinar, Pakistan, 13-nji dekabr, 2015.

Pakistanda Owganystan bilen serhediň golaýyndaky bazarda bolan bomba partlamasynda azyndan 24 adamyň wepat bolandygy we 70-den gowragynyň ýaralanandygy habar berilýär.

Pakistanyň resmileriniň aýtmagyna görä, partlama Paraçinar şäherçesiniň bazarynda 13-nji dekabrda alyjylaryň köp bolan wagtynda bolupdyr.

Gadagan edilen “Laşkar e -Jhangwi” söweşiji topar hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy. Bu gurama “Yslam döwleti” toparynyň ugruna meňzeş ideologiýa eýerýär.

Paraçinar yslamçy söweşijiler we sünnileriň hem şaýylaryň arasyndaky konflikt sebäpli zorluklaryň merkezi bolan Kurram tire-taýpa regionynyň esasy şäheridir.

Pakistanyň harbylary regiony söweşijilerden arassalamak we dinara çaknyşyklaryň öňüni almak boýunça yzygiderli çäre geçirýärler.

XS
SM
MD
LG