Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet halkara sudlaryň kararlaryny ret edip biler


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin ýurduň Konstitusion suduna Orsýet babatynda halkara sudlaryň, şol sanda Adam Hukuklary boýunça Ýewropanyň sudunyň çykaran kararlaryny berjaý edip-etmezlige ygtyýar berýän kanuna gol çekdi.

Putinyň 15-nji dekabrda gol çeken kanuny başda Orsýetiň Döwlet Dumasynda we Federasiýa Geňeşinde makullanypdy.

Kanunda Konstitusion suduň Orsýetiň, orsýetlileriň we orsýet guramalarynyň halkara sudlaryň kararyny berjaý edip-etmezligi barada karar çykaranda “Orsýetiň baş kanunynyň hökmurowanlygyna we kanuny güýjüne daýanmalydygy” aýdylýar.

Bu kanuna Orsýetiň hökümetiniň halkara sudlarynda gozgalan ençeme täsirli işlerde ýeňilmegi bilen baglylykda beren jogaby hökmünde garalýar.

Kanun Orsýetiň prezidentine we hökümetine halkara sudlarynyň çykaran kararlary babatynda Orsýetiň Konstitusion suduna ýüzlenmäge hukugy kepil geçýär.

XS
SM
MD
LG