Sepleriň elýeterliligi

Yrakda 200-e golaý YD jeňçi öldürildi


ABŞ-nyň ýolbaşçylygynda urlan howa zarbalary şu hepde demirgazyk Yrakdaky uly söweş wagtynda «Yslam döwleti» toparynyň 200-e golaý jeňçisini öldürdi.

ABŞ-nyň harbylary bu habary 18-nji dekabrda aýtdylar. ABŞ-nyň goşun polkownigi, Bagdatdaky koalisiýanyň sözçüsi Stiw Warren 500 çemesi jeňçiniň Yragyň kürt peşmerge güýçlerine garşy uly hüjüm edendigini aýtdy.

Bu söweş 16-njy dekabrda Ninewah welaýatynda bolupdyr.

Koalisiýa ol jeňçilere garşy 100-e golaý bomba taşlapdyr.

«Diňe howa güýçleri olaryň iki ýüze golaýyny öldürdi, soňky sanawa görä 187 jeňçi hatardan çykaryldy» diýip, Warren Pentagona beren hasabatynda aýtdy.

XS
SM
MD
LG