Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aş Karter Owganystana sapar edýär


ABŞ-nyň goranmak sekretary Aş Karter Owganystana garaşylmadyk sapara geldi. Ol bu ýerde amerikan goşunlary we owgan resmileri bilen duşuşýar.

Karteriň 18-nji dekabrdaky sapary Owganystanyň, «Talybanyň» has kän hüjüm gurnamagy netijesinde, howpsuzlyk töwekgelligi bilen ýüzbe-ýüz bolýan wagtyna gabat geldi.

Geçen ýyl «Talyban» owgan güýçlerine ondan öňdäki döwürden has kän zyýan ýetirdi.

ABŞ-nyň Kongresiniň şu hepde çap eden beýanatynda aýdylmagyna görä, paýtagt Kabulda, ýylyň başyndan noýabryň ortasyna çenli, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 27 prosent kän ýokary derejeli hüjüm guralypdyr.

Şeýle-de, şu ýylyň başyndan noýabryň ortasyna çenli çekilen ýitgiler, geçen ýylyň degişli döwrüne garanda, 27 prosent köp bolupdyr.

XS
SM
MD
LG