Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hodorkowskiý Angliýadan oturym sorar


Mihail Hodorkowskiý
Mihail Hodorkowskiý

Orsýetiň ozalky tütjary we Kremliň tankytçysy Mihail Hodorkowskiý özüniň Angliýadan syýasy gaçybatalga soramagynyň ahmaldygyny aýdýar.

Moskwa 23-nji dekabrda onuň jenaýat aýyplamasy esasynda tussag ediljegini aýtdy.

«Men Angliýadan gaçybatalga soramagyň pikirini edýärin» diýip, ol Moskwanyň sudunyň tussag etmek baradaky kararyndan soň BBС bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Rus sudy ony 1998-nji ýylda Sibirde bir şäheriň häkimini öldürmekde aýyplaýar. Hodorkowskiý BBС bilen söhbetdeşlikde rus häkimiýetleri meni galp aýyplama bilen tussag etjek bolup «dälirediler» diýdi.

Ol bu ýagdaý rus prezidenti Wladimir Putiniň meni «çynlakaý howp» hasaplaýandygyny görkezýär diýdi.

XS
SM
MD
LG