Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Atambaýaew: Orsýetiň maliýe ýagdaýy kyn


Prezident Almazbek Atambaýew rus kärdeşi Wladimir Putin bilen, Sankt Peterburg, 16-njy mart, 2015.
Prezident Almazbek Atambaýew rus kärdeşi Wladimir Putin bilen, Sankt Peterburg, 16-njy mart, 2015.

Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew Orsýetiň indi Gyrgyzystanda gurulmagy barada ozal ylalaşylan gidro elektrik stansiýa proýektlerini maliýeleşdirmäge ýagdaýynyň ýokdugyny aýdýar.

Bu ýerde ozaldan, Orsýetden ýatyryljak sermaýany nazara almak bilen planlaşdyrylan iki elektrik stansiýasy barada gürrüň edilýär.

Prezident Atambaýewiň 24-nji dekabrda aýdan sözleri Orsýetiň ykdysady kuwwatynyň, dünýäde nebit nyrhlarynyň peselmegi we Günbatar tarapyndan Moskwa garşy girizilen ykdysady sanksiýalar netijesinde, barha aşak gaçýandygyna ýene bir gezek ünsi çekdi.

Bu ýagdaý, ýagny Orsýetiň görnetin ýakasyny tanadýan maliýe kynçylyklary onuň ýakyn ýaranlaryny we goňşularyny Hytaýa tarap ýüz öwürmäge we sermaýa gözleginde hususy maýadarlary agtarmaga mejbur edýär.

Almazbek Atambaýew Gyrgyzystan Naryn derýasynda we Ýokarky Naryn şaglawugynda guruljak iki elektrik stansiýasynyň proýektleri üçin täze hyzmatdaşlary gözlemeli bolar diýdi. Bu proýektleriň bahasy, hasaplamalara görä, $3.2 milliard dollardan aşýar.

"Orsýetiň ykdysadyýeti ösüşde däl we nebit bahalarynyň tendensiýasy negatiw» diýip, prezident Atambaýew metbugat üçin beren beýanatynda aýtdy.
Şeýle-de ol bu meseläni şu hepdäniň başynda, Moskwa eden sapary mahalynda, Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen hem maslahatlaşandygyny aýtdy.

"Gynansak-da, şu günki reallyklar şeýle, biziň orsýetli dostlarymyz bu proýektleri durmuşa geçirip biljek däller... Özem bu ýagdaý uzaga çekjege çalym edýär» diýip, gyrgyz prezidenti aýtdy.

Kremliň sözçüsi Dmitriý Peskow maliýeleşdirme meselesinde hakykatdanam «kynçylyklaryň» bardygyny tassyk etdi, ýöne ol Orsýetiň bu proektlerden çekilýändigini aýtmak entek irräk bolar diýdi.

Merkezi Aziýanyň iň garyp ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Gyrgyzystan köp babatda Orsýete garaşly bolup galýar. Bu ýurduň ulanýan gazy Orsýetden import edilýär, onlarça müň gyrgyz migranty Orsýetden gazanç gözlemäge mejbur. Ikinji tarapdan, Orsýet Gyrgyzystanyň oba hojalyk önümleri üçin esasy bazarlaryň biri bolup durýar.

Bişkek Orsýetiň baştutanlygyndaky Ýewraziýa ykdysady bileleşigine goşulmak bilen, öz oba hojalyk önümleri üçin has giň bazaryň döremegine hem bil baglaýardy. Moskwanyň Bişkege, Ýewraziýa ykdysady bileleşigine girmegine ýardam hökmünde, 1.2 milliard dollar hödürländigi habar berlipdi.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annugurban.

XS
SM
MD
LG