Sepleriň elýeterliligi

Serbiýada 79 adam tutuldy


Serbiýanyň polisiýasy korrupsiýa aýyplamalary netijesinde 79 adamy, şol sanda öňki ministri tussag etdi.

Içeri işler ministri Nebojsa Stefanowiç 26-njy dekabrda bu tutulan adamlaryň bilelikde 70 million amerikan dollaryny ogurlamakda aýyplanýandygyny aýtdy.

Ol güman edilýänleriň wezipeden hyýanatçylykly peýdalanmakda, pul ýuwmakda we maliýe jenaýatlarynda jogapkärçilige çekilendigini habar berdi.

Tutulanlaryň arasynda döwlet eýeçiligindäki kompaniýalaryň birnäçe başlygy, içeri işler ministrliginiň iki sany öňki resmisi, birnäçe şäher häkimi hem bar.

XS
SM
MD
LG