Sepleriň elýeterliligi

Ysraýyl: bir palestinaly öldürildi


Ysraýyl, serhet polisiýasy

Ysraýyl, serhet polisiýasy

Ysraýyl polisiýasy Ýerusalimde pyçak salgaýan palestinalyny atyp öldürdi. Bu sebitde üç aýa uzan zorlukly wakalaryň soňkusydyr.

Polisiýanyň sözçüsi Luba Samri ol adamyň 26-njy dekabrda polisiýa şübheli görüp, Köne şäherde ýanyna baranda, ofiserleri pyçaklajak bolandygyny aýtdy.

Aýdylmagyna görä, ol adam pyçagyny çykaryp, ýanyna baran bir ofiseriň üstüne topulanda, beýleki ofiserler ony atyp öldüripdir.

Sentýabryň ortasynda başlanan hüjümlerde jemi 20 ysraýylly öldürildi, şol döwürde azyndan 127 palestinaly öldi, olaryň 87-si ysraýyllylara hüjüm etdi ýa-da hüjüm etmäge synandy diýip, häkimiýetler aýtdylar.

XS
SM
MD
LG