Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan aýlyk 'köpeldýär'


Aşgabat, Daşary Ykdysadyýet banky
Aşgabat, Daşary Ykdysadyýet banky

Türkmenistan 2016-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan aýlyklaryň, pensiýalaryň, posobiýalaryň we stipendiýalaryň möçberini 10 prosent köpeltdi.

Türkmen metbugaty, prezident G.Berdimuhamedowyň kararyna laýyklykda, täze ýyldan býujetden maliýeleşdirilýän döwlet edaralarynyň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň, pensionerleriň, studentleriň we diňleýjileriň, şeýle-de döwlet posobiýasyny alýan adamlaryň 10 prosent goşmaça pul aljagyny habar berýär.

Aýlyk haklaryny düzgünleşdirmek baradaky dokument minimal aýlygyň 590 manat ($168-e golaý) möçberinde bolmagyny kesgitleýär.

XS
SM
MD
LG