Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan täze gepleşige başlaýar


Prezident Aşraf Gani Pakistanyň goşun başlygy Rahil Şarif bilen.
Prezident Aşraf Gani Pakistanyň goşun başlygy Rahil Şarif bilen.

Owganystan we Pakistan 2016-njy ýylda parahatçylygy ýola goýmak baradaky tagallalaryny täzeläp, Pakistanda 11-nji ýanwarda gepleşikleriň täze tapgyryny planlaşdyrdy.

Bu çäre şu wagta çenli islendik parahatçylyk gepleşiginden gaça duran «Talybanyň» Kabuldaky hüjümleriniň güýçlenen wagtyna gabat geldi.

Geçen tomus Owganystan bilen Pakistanyň eden parahatçylyk tagallasy «Talybanyň» gepleşiklerden yza çekilmegi we ýurduň çar künjeginde ganly hüjümleri guramagy bilen tamamlandy.

Soňky gepleşik Pakistanyň goşun başlygy, general Rahil Şarif tarapyndan başlandy, ol geçen hepde Kabula sapar etdi.

Şol sapardan soň Kabul Owganystan, Pakistan, ABŞ we Hytaý arasynda, 11-nji ýanwarda köp taraply parahatçylyk plany üçin täze dialog tapgyrynyň geçiriljekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG