Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýadaky ak aýy galmagaly


Ak aýy.
Ak aýy.

Russiýanyň Daşky gurşawy goramak we tebigy baýlyklar ministrligi, Arktika kenarýakasynda bir ak aýynyň atylmagy boýunça sud işini gozgamagy haýyş edip, ýurduň kazyýetine ýüz tutupdyr.

Soňky wagtlarda Internetde bir ak aýynyň çekýän azabyny görkezýän bir wideonyň ýaýradylmagy bilen jemgyýetiň bar ünsi bu meselä gönügdi. Şol wideony surata düşürenleriň ors dilinde gepleşýändigi tomaşaçylara eşidilýär. Güman edilişine görä, ol wideodakylar Wrangel adasynda iş alyp barýan "Rusalýans" firmasynyň işçileri. Olar aýa iýmit beren mahaly iýmitiň arasyna partlaýjy madda salyp beripdirler. Wideoda aýynyň iýmiti iýenden soň ýaralanandygy görünýär.

Haýwana partlaýjy madda zyňdylarmyka?

"Rusalýans" firmasy Wrangel adasynda Goranmak ministrliginiň tabşyran gurluşyk işlerini alyp barýar. Ministr Sergeý Donskiý metbugat işgärlerine beren maglumatynda ýaralanan ol ak aýynyň häzire çenli tapylmandygyny aýdýar. Onuň pikiriçe, ol ak aýy ölmän galandyr. Ministriň aýtmagyna görä, agzalýan iççiler ol ak aýyny özlerini goramak maksady bilen ýaralandyrlar diýip hasap edip bolmaz: "Bu wakada özüňi goramak zerurlygy ýok. Bilkastlaýyn jana kast etmek bar".

"Aýynyň sag galandygy hakykata gabat gelmeýär"

Sergeý Donskiniň aýtmagyna görä, aýa partlaýjy maddany iýmite garyp beripdirler. Başga ýagdaýda partlaýjy madda aýynyň ünsüni özüne çekip bilmezdi: "Ikinjiden, haýwan ýaralanypdyr we şol bada onuň merkezi nerwi ulgamyna zeper ýetipdir. Partlaýjy madda onuň huşuna täsir edipdir. Biz bu ugurda hünärmenlere salgylandyk. Olar aýynyň şol bir ýerde pyrlanyp durandygyny belläp, bu ýagdaýyň onuň huşuny ýitirendigine güwä geçýändigini nygtaýarlar".

Russiýada "Gyzyl kitaba" girizilen ak aýyny öldürenlere 7 ýyla çenli azatlykdan mahrum edilmek jezasy berilýär”.

Dünýäde 21-25 müň töwereginde ak aýy bar. Olardan 5-7 müň sanysy Russiýanyň çäklerinde ýaşaýar. Russiýa Federasiýasynda ak aýy awlamak 1957-nji ýylda gadagan edilipdi.

XS
SM
MD
LG