Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama Amerikan liderligini öwýär


Obama: Mesele başa barmadyk döwletlerde
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:27 0:00

Obama: Mesele başa barmadyk döwletlerde

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Amerikanyň ykdysadyýetine, harby kuwwatyna we ýolbaşçylygyna ýokary baha berdi, emma Birleşen Ştatlary «dünýäniň polisiýa işgäri» etjek bolup synanyşmagyň, dünýä düzgünini üýtgetmegiň howpludygyny duýdurdy.

Obama 12-nji ýanwarda eden soňky ýüzlenmesinde öz ýerine prezident seçmek üçin geçirilýän saýlaw kampaniýasynyň çäginde ýüze çykan käbir gyzgyn jedellere gaýtawul bermäge synandy. Özem, özünden öňki prezident Jorj W. Buş ýaly, Birleşen Ştatlaryň terrorçylara garşy göreşini suratlandyranda, ol gömelteý, gepleşik sözlerini ulandy.

“Eger siz Amerikanyň ygrarlylygyna ýa maňa şübhelenýän bolsaňyz, adalatyň berjaý edilişini görmek üçin, Osama bin Ladeni soraň» diýip, ol aýtdy. «Eger siz amerikanlaryň kastyna çyksaňyz, biz siziň kastyňyza çykarys. Munuň wagt almagy mümkin, emma biziň ýatkeşligimiz gowy, özem biziň elmiziň ýetmeýän ýeri ýok» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Bu söz Obmanyň Kongrese, Ak tamdaky soňky ýylyny resmi bellemek we, şol bir wagtda, öz prezidentliginde gazanylan üstünlikleri jemlemek, tankyda jogap bermek mümkinçiligi bolan soňky ýüzlenmesidi.

Ol özüniň prezidentlik döwründäki ýiti halkara meseleleriniň käbirini, klimat özgermesini, Afrikadaky ebola epidemiýasyny, Gündogar Aziýa bilen täze söwda paktyny ýatlady we Orsýetiň ýokarlanýan gylawy, Ukrainanyň darkaşy, ýa-da Yragyň we Owganystanyň çuňlaşýan gowuşgynsyzlygy barada gysgaça durup geçdi.

“Men munuň howply wagtdygyny bilýärin. Emma bu Amerikanyň kuwwatynyň kemelendigi ýa-da käbir baş göterýän super güýçler sebäpli däl. Şu günki dünýäde bize şer imperiýalaryna garanda başa barmadyk döwletler kän wehim salýar» diýip, ol saýlanan kanunçykaryjylary, Kabinet sekretarlaryny, ýokary suduň sudýalaryny hem öz içine alýan diňleýjilerine ýüzlenip aýtdy.

“Bu ýerde biziň milli kuwwatymyzyň her bir elementini has paýhasly, sabyrly we düzgünleşdirilen strategiýa esasynda ulanýan çemeleşme bar» diýip, ol aýtdy. «Bu Amerikanyň hemişe, eger zerur bolsa ýekelikde hem, öz adamlaryny we ýaranlaryny goramak üçin hereket etjekdigini aňladýar, emma global aladalara gezek gelende, biz dünýäni tijendireris we beýleki ýurtlaryň hem tagalla etmegini gazanarys.»

Prezident Birleşen Ştatlaryň Kapitolynda Goranmak departamenti ABŞ-nyň Pars aýlagyndaky harby-deňiz güýçleriniň iki gämisiniň Eýranyň harbylary tarapyndan tussag edilendigini tassyklanyndan birnäçe sagat soň çykyş etdi. Ak tamyň resmileri prezidentiň çykyşynyň öňünden, tutulan 10 deňizçiniň basym boşadyljagyny aýdyp, bu hadysanyň ähmiýetini peseltmäge çalyşdylar.

Obama bu hadysany agzamady, oňa derek çykyşynyň iýulda Eýran bilen baglaşylan taryhy ýadro ylalaşygyna bagyşlanan bölegini, ýagny Tähranyň öz ýadro işlerini jylawlamagynyň ýerine bu ýurda garşy girizilen weýran ediji sanksiýalaryň ýatyrylmagy baradaky sözlerini gysgaltdy.

“Şu sebäpden biz Eýranyň ýadro ýaragyny edinmeginiň öňüni almak üçin sanksiýalara we prinsipial diplomatiýa esaslanýan global koalisiýa gurduk” diýip, ol aýtdy. “Aýdyşymyz ýaly, Eýran öz ýadro programmasyny yza çekdi we öz toplan uranyny ýurtdan daşaryk ugratdy, onsoň dünýä ýene bir urşuň turmagyndan sowuldy» diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.

Ol Yrakda we Siriýada uly territoriýany basyp alan radikal «Yslam döwleti» toparynyň söweşijilerini «ganhorlar we yňdarmalar» diýip atlandyrdy hem-de olaryň köki bilen köwlenip aýrylmalydygyny, ýok edilmelidigini belledi.

Şeýle-de ol Kongresi özüne «Yslam döwleti» toparynyň garşysyna harby güýç ulanmak üçin ygtyýar berýän rezolýusiýany geçirmäge çagyrdy.

“Eger Kongres bu uruşda üstün çykylmagyny çyndan isleýän bolsa, biziň goşunlarymyza we dünýä yşarat etmek islese, onda siz «Yslam döwleti» toparyna garşy harby güýç ulanylmagyna ygtyýar berýän karary jemlemeli» diýip ol aýtdy we bu karara ses bermäge çagyrdy.

Obama harby güýç ulanmak üçin görnetin ygtyýarlyk berilmegi gerek bolmasa-da, Ak tamyň resmileri bu hili rezolýusiýanyň, Kongresiň 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabryndaky terror hüjümlerinden soň kabul eden rezolýusiýasy ýaly, ABŞ-nyň harby strategiýasyny kuwwatlandyrjagyny we aýgytlylygyny görkezjegini aýdýarlar.

Obamanyň 58 minutlyk ýüzlenmesiniň köp bölegi içerki syýasata bagyşlandy.
Ol ABŞ-nyň ykdysadyýetine ýokary baha berdi, soňky iki ýylda 14 million iş ýeriniň döredilendigini aýtdy, 2008-2009-njy ýyllaryň uly çöküşliginden bäri awtomobil senagatynyň görnetin daýanandygyny nygtady.

"Amerikanyň ykdysadyýeti peselýär diýýänler erteki otarýandyr» diýip, ol aýtdy.
Şeýle-de ol saýlaw kampaniýasynda alnyp barylýan syýasy dialogda has medeni bolmaga çagyrdy.

Eger biz özümiz bilen ylalaşmaýan adamlaryň ählisi ýaman niýetlidir ýa-da biziň syýasy garşydaşlarymyz watançy däl diýip pikir etsek, bu ýagdaýda demokratiýa işlemez diýip, ol aýtdy.

“Meniň prezidentlik döwrümde birki sany gynanýan zadym bar, partiýalaryň arasyndaky zoňtarlyk we şübhelilik azalman, gaýta beterleşdi» diýip, Obama aýtdy.

Iňlisçeden türkmençä geçiren Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG