Sepleriň elýeterliligi

Gazak parlamenti özüni dargatmagy sorady


Gazagystanyň parlamenti Majlisiň aşaky öýi prezident Nursultan Nazarbaýewden özüni wagtyndan öň dargatmagy sorady.

13-nji ýanwarda geçirilen ýygnakda Majlisiň spikeri Kabidolla Žakypow parlamenti dargatmak baradaky karara anonim görnüşde ses berlendigini mälim etdi.

Bu karar, Gazagystanyň milli pul birligi tengäniň hümmeti amerikan dollaryna görä täze pes derejesine ýetenden bir gün soň, kanunçykaryjylaryň bir toparynyň inisiatiwasy bilen öňe sürüldi. Bu waka Merkezi Aziýanyň iň uly ykdysadyýeti dünýäde nebitiň bahasynyň pese gaçmagyndan we Orsýetiň ykdysady krizisiniň täsirinden ejir çekýän mahalyna gabat geldi.

Gazak kanunçylygyna laýyklykda, ýurduň prezidenti Majlisi dargadyp, täze saýlawlaryň iki aýyň dowamynda geçirilmegini planlaşdyryp bilýär.

XS
SM
MD
LG