Sepleriň elýeterliligi

Azeri aktiwisti ýedi gün türmede saklanar


Azerbaýjanyň “Halk Fronty” oppozision partiýasynyň aktiwisti ýedi günlük türme tussaglygyna höküm edildi.

Bakunyň sudy 14-nji ýanwarda Turan Ibrahimi köpçüligiň arasynda hapa sözleri ulanmakda, polisiýa garşylyk görkezmekde we jemgyýetçilik tertip-düzgüni bozmakda günäli tapdy.

Turan Ibrahim 13-nji ýanwarda öz öýüniň golaýynda saklanypdy.

Ibrahimiň garyndaşlary onuň polisiýa bilen hiç hili konfliktiniň bolmandygyny aýtdylar we tussaglygyna ýakynda Facebookda Azerbaýjanyň häkimiýetlerini ýazgaryp çap eden maglumaty bilen bagly bolmagyny çak etdiler.

Ibrahimiň tussaglygy Azerbaýjanyň birnäçe etrabynda dörän protestleriň yzýanyna gabat geldi. Protestçiler nebite baý ýurtdaky işsizlige, bahalaryň gymmatlamagyna webeýleki ykdysady kynçylyklara nägilelik bildirdiler.

XS
SM
MD
LG