Sepleriň elýeterliligi

Orsýet NATO garşy çäre görer


General Oleg Salýukow

General Oleg Salýukow

Orsýet NATO-nyň harby maşklarynyň “güýçlenmegine” jogap bermek üçin 2016-njy ýylda dört sany täze bölüm döreder.

General Oleg Salýukow 21-nji ýanwarda žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda “täze goşunlaryň döredilmegi biziň ýakynda görüşimiz ýaly NATO ýurtlarynyň maşklaryny güýçlendirmegine jogap hökmünde çäreleriň diňe biridir” diýdi.

Harby bölümleriň biri ýaragly güýçleriň merkezi toparynyň düzüminde, beýleki üçüsi Orsýetiň günbatar harby goşunlarynyň düzüminde ýerleşdiriler.

Şeýle-de Salýukow Orsýetiň 2016-njy ýylda daşary ýurtlar bilen bilelikde ýedi sany harby türgenleşigini geçirer. Şol sanda Pakistan we Wýetnam bilen harby türgenleşik göz öňünde tutulýar.

XS
SM
MD
LG