Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: Kryma gözegçilik 'dikeldiler'


Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko, Kiýew, ýanwar, 2016

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko, Kiýew, ýanwar, 2016

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko Kiýewiň Orsýet tarapyndan anneksiýa edilen Krym ýarymadasyna we orsýetçi separatistleriň elindäki gündogar Ukraina öz gözegçiligini dikeltjekdigini aýtdy.

Poroşenko 22-nji ýanwarda Bütewülik güni mynasybetli eden beýannamasynda Ukrainanyň sary we gök reňkli milli baýdagy “Donetskde we Luhanskda, Simferopolda we Sewastopolda öz kanuny ýerlerine gaýdyp barar” diýdi.

Bütewülik güni 1919-njy ýylda Ukrainanyň Halk Respublikasynyň we gysga wagt bolan Günbatar Ukrainanyň Halk Respublikasynyň birleşmeginiň senesini belleýär.

22-nji ýanwarda irden Poroşenkonyň administrasiýasy prezidentiň Halkara Maliýe Fondundan 7 milliard dollaryň geçirilmegine garaşýandygy barada CNN telekanalyna aýdandygyny mälim etdi.

XS
SM
MD
LG