Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Täjigistanda pul çalşanlara jerime salynýar


Täjigistanda ýüzlerçe adama, bikanun ýagdaýda walýuta söwdasyny edendigi üçin, türme möhletlerini almak howpy garaşýar.

Ýurduň demirgazygyndaky Sughd welaýatynyň regional prokurory 37 ýaşaýjynyň çynlakaý jenaýat aýyplamasy bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny we olara gysga wagtlyk türme tussaglygynyň berilmeginiň mümkindigini aýtdy.

Prokuror Habibulla Wahidow ýene 253 adama ýeňilräk aýyp bildirilendigini we olaryň jerime ýa-da 15 günlük tussaglyk möhletleri bilen jezalandyrylmagynyň ahmaldygyny sözüne goşdy.

Wahidow bu adamlaryň ählisiniň ýurduň pul çalyşmak baradaky kanunyny bozandygyny aýtdy, ýöne goşmaça maglumat bermedi.

XS
SM
MD
LG