Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Ýabloka" koalisýa taýýar diýýär


Orsýetiň liberal «Ýabloka» partiýasynyň egindeş başlygy özleriniň «Parnas» oppozisiýa hereketi bilen koalisiýa girmäge taýýardygyny aýtdy.

Ýöne ol munuň üçin täze blogyň 2018-nji ýyldaky prezident saýlawlarynda «Ýablokanyň» esaslandyryjysy Grigoriý Ýawlinskini goldamalydygyny öňe sürdi.

Emilia Salabunowa 29-njy ýanwarda ozalky premýer-ministr Mihail Kasýanowyň ýolbaşçylygyndaky «Parnasyň» sentýabrda Duma geçiriljek saýlawlar üçin koalisiýa gurmak teklibini goldap çykyş etdi.

Ol «Eger «Parnas» Ýawlinskiniň syýasy platformasyny we Ýawlinskini goldasa, «Ýabloka» bilelikdäki Duma kandidatlary barada maslahata başlamaga taýýar» diýdi.

XS
SM
MD
LG