Sepleriň elýeterliligi

Düşündiriş: ABŞ-nyň prezidentlik saýlawy


Amerikan işewüri Donald Trump.

Amerikan işewüri Donald Trump.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda prezident Barak Obamanyň oruntutaryny Ak tamda ýerleşdirjek saýlawlar 8-nji noýabrdan bärde geçmese-de, saýlaw kampaniýasy eýýäm başlandy. Onda respublikanlaryň we demokratlaryň kandidatlary öz partiýalary tarapyndan dalaşgär bellenmek ugrunda göreş alyp barýarlar.

Prezidentlige ilki 2008-nji ýylda saýlanyp, 2012-nji ýylda hem gaýtadan saýlanan Obama Birleşen Ştatlaryň konstitusiýasy boýunça iki möhlet prezidentlikden soňra wezipeden gitmeli.

Bu bolsa ýurduň iki sany esasy partiýalary bolan demokratlar bilen respublikanlaryň prezidentlik saýlawlaryna goşulmagy üçin öz kandidatlaryny saýlap tutmalydygyny aňladýar. Beýleki kiçeňräk partiýalar hem öz kandidatlaryny saýlaýarlar. Bulardan daşgary bir ýa birnäçe garaşsyz kandidatlaryň hem dalaşa goşulmagy mümkin.

Ştatma-ştat bolýan bäsleşik

Fewral aýyndan başlap, iýun aýyna çenli her bir ştatda we territoriýalarda respublikanlaryň we demokratlaryň kandidatlaryny saýlamak boýunça ses berişlik bolýar. Şeýlelikde bu partiýalaryň saýlawa gatnaşmaly dalaşgäri bellenilýär.

Partiýalara mahsus bolan bu ses berişlige deslapky saýlaw diýilýär. Ştatlaryň köpüsinde deslapky saýlawda adamlar ses berip, öz ileri tutýan dalaşgärlerini seçýärler. Ýöne Aýowa ýaly käbir ştatlarda bu iş partiýanyň guraýan duşuşyklaryndaky çekişmeler arkaly geçirilýär.

Ştatma-ştat bolýan bäsleşik sebäpli kandidatlar müňlerçe kilometrlik ýol aşyp, adaty ses berijiler bilen gürleşmeli bolýarlar. Olar ýerli naharhanalara baryp, müşderiler bilen görüşýärler, surata düşýärler, hatda gapy-gapy aýlanyp, goldaw soralýan mahallary-da bolýar.

Bu bir surnukdyryjy proses. Mysal üçin, öten ýyl respublikanlaryň märekeli meýdanynda otuzdan agdyk kandidatdan diňe on birisi galdy. Demokratlar tarapdan bolsa öten ýyl alty kandidatdan galan diňe üç kandidat boldy.

Dalaşgärlik prosesi

Partiýalaryň iýulda geçjek milli dalaşgärlik ýygnagynda belli bir kandidaty näçe ştatyň wekiliniň goldajakdygy her bir ştatda geçen ses berişligiň netijesine bagly.

Tutuş ýurt boýunça alanyňda, respublikanlardan 2472 wekil bar. Haýsy hem bolsa bir kandidat partiýanyň dalaşgäri bolup saýlawa goşuljak bolsa, oňa köplügiň, ýagny 1237 wekiliň goldawy gerek. Demokratlaryň kandidatyny bolsa 4764 wekilden 2383 wekil goldamaly bolar.

Partiýalaryň ikisiniň-de ştatma-ştat dalaşgärlik prosesi 1-nji fewralda Aýowadan başlanýar. Ondan soň 9-njy fewralda Nýu-Kempişirde, 20-nji fewralda hem Günorta Karolinada deslapky saýlawlar geçer.

Kandidatlar belleneninden üç aý soňra umumy ses berişlik geçýär. Bu üç aýyň içinde hem dalaşgärler tutuş ýurda aýlanyp, saýlawçylar bilen duşuşýarlar, olaryň öňünde söz sözleýärler. Şeýdip, öz partiýalaryna agzalaryň we beýlekileriň goldawyny gazanmaga synanyşýarlar.

Amerikanlar ahyrsoňy noýabr aýynyň ilkinji duşenbesiniň ertesi, ýagny sişenbe güni öz täze prezidentlerini saýlarlar.

2017-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda bolsa Barak Obama resmi taýdan wezipeden aýrylyp, başga biri dört ýyl möhlet bilen Birleşen Ştatlaryň 46-njy prezidenti hökmünde kasam eder.

XS
SM
MD
LG