Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Eýranda zenanlar burnuny oňardýarlar


Eýranly zenan.

Eýranly zenan.

Mundan birnäçe ýyl owal Eýran adam başyna düşýän burun oňartmak, ýagny rinoplastika operasiýasynyň sany boýunça dünýäde ilkinji orny eýeläpdi. Ähli owadanlyk operasiýalary hasaba alnanda bolsa, Eýran yslam respublikasy dünýäde şeýle operasiýalaryň iň köp geçirilýän ilkinji on ýurdunuň arasyna girýär.

Soňky ýyllarda Eýranda plastiki operasiýa geçirmeýän ýekeje-de ýer ýok. Bu moda senagaty mollalaryň aýgytly çärelerine garşy durup bilýär.

Eýranda plastiki, ýagny owadanlyk operasiýalary gaty çalt depginde ösüşe eýe bolýar. Adaty ýagdaýda bu yslam kadalaryna ters däl. Şonuň üçinem hökümet onuň öňüni almaga synanyşmaýar. Bu ýurtda moda senagaty hem edil häzir pajarlap ösýän döwrüni başdan geçirýär. "Guardian" gazetiniň baryp 2013-nji ýylda beren maglumatyna gör, ýurtda her ýyl iki ýüz müň töweregi zenan owadanlyk üçin medisina operasiýasyny etdirýär.

Yslam rewolýusiýasyndan owal

Eýranda 1979-njy ýyldaky Yslam rewolýusyýasyndan owal ýerli zenanlaryň aglaba köpçüligi günbatar kadalaryna görä gaty açyk we erkin geýimler geýipdiler. Şol döwürde olara jemgyýetde hiç hili garşy çykan ýa-da nägilelik bildiren hem bolmandy. Aýatullalaryň režimi häkimýeti ele alandan soň ýurtda hemme ýagdaý üýtgänem bolsa, soňky on ýyllykda ylaýta-da ýokary bilimli zenanlar has erkin geýinmäge başladylar.

Häzirki döwürde eýranly zenanlar indi rewolýusiýa edýärler. Gaty köp ýaş eýranly zenanyň geýimlerinde indi inçejik beýik ökjeli köwüşler, darajyk jinsi balaklar we al-elwan reňkli eginbaşlar agdyklyk edýär. Şol bir wagtyň özünde-de, bu geýimlere garamazdan, dini hökümetiň talap edýän ähli kadalary berjaý edilýär.

Owadanlyk operasiýalaryna ýykgyn edilmegine hem edil käbir resmi gadaganlyklara görkezilýän reaksiýa ýaly baha berýänler bar. "Biz öz gözelligimizi başga görnüşde üns merkezine öwrüp bilmeýäris" diýip, bir tähranly zenan "Guardian" gazetine beren interwýusynda aýdýar.

Çäklendirmeler we biznes

2000-nji ýyldan bäri geýim dizaýneri bolup işleýän Sedef Säher Kureýşi, owal gizlin işlemäge, we şol bir wagtyň özünde hem öz işinde hünärmen bolmadyk manikenleri işletmäge mejbur bolýan ekeni. Onuň aýtmagyna görä, häzirki döwürde indi ýagdaý hasam aňsatlaşypdyr.

Säher "Bu çäklendirmeleriň hiç biri biziň biznesimize täsir etmeýär. Men hemişe halkara modany yzarlaýaryn. Men olardan edil bolşy ýaly üýtgewsiz nusga almaýaryn, ýöne öz işimde esasy ýörgünli ugra eýermäge çalyşýaryn" diýip gürrüň berýär.

Eýranda zenanlaryň hyjapsyz we hatda açyk eginbaşlar bilen podiuma çykýan moda çäreleri hem gurnalýar. Ýöne gizlinlikde geçirilýän şeýle çärelere diňe zenanlar gatnaşyp bilýärler. Eger şeýle edilmese, çäräni gurnaýanlar gaty uly problema duçar bolup bilýärler. Adatda bolşy ýaly, şeýle defile, ýagny moda çärelerine dizaýnçylaryň we manikenleriň hossarlary hem tanyş-bilişleri gatnaşýarlar.

Ondan soň olar gören zatlary barasynda daş-töweregindäki zenanlara maglumat ýaýradýarlar we şeýlelikde müşderi köpçüligi emele gelýär. Kadalaryň häzirkiden has berk tutulýan döwri bolan 2007-nji ýylda şeýle moda çäresiniň birine gatnaşan bir zenan CNN-e şeýle interwýu berýär: "Gözellige ymtylmak ähli zadyň hötdesinden gelýär".

Döwrebaplaşmaga ymtylmak

Prezident Hasan Ruhani häkimýet başyna geçende eýranly zenanlaryň has geýnüwli görünmek islegini goldapdy. Onuň pikiriçe, bu ýagdaý Eýranyň döwrebaplaşmaga ymtylýandygyny görkezýär.

"Fashionable, Sexy, Haute and Naughty Magazine" ("FSHN") žurnalynyň Tähranyň köçelerinde we bazarlarynda düşüren moda suratlaryny çap etmegi bu ugurda örän möhüm hadysa boldy. Sebäbi ondan owalky moda suratlaryny diňe 1969-njy ýylda "Vogue" zurnaly düşüren ekeni. Asly eýranly bolan kanadaly Afra Purdadyň nygtamagyna görä, "FSHN" žurnalynyň düşüren suratynda "ösen Eýran medeniýetiniň täsirlerini" görmek bolýar.

Onuň saýlap alan manikenleri, ylaýta-da märäkäniň iň köp ýeri bolan bazarlarda al-elwan reňkli geýimde surata düşüpdirler. Afra şonda märäkäniň gazaba münjeginden howatyrlanan hem bolsa, moda geýimleriniň surata düşürilmegi asudalykda geçipdir. Hatda işiň arasynda elinde bir sebet pomidor bilen özüniň hem surata düşendigini aňan biri, gelip öz suratyna görenden soň, gaýtadan ýörite surata düşürilmegini haýyş edipdir. Ondan soň ol kişi modele minnetdarlyk bildirip, hoşal bolup, ýoluny dowam edipdir.

XS
SM
MD
LG