Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek mekdepleri sowet terminini dikeldýärmi?


Özbegistanyň ýokary okuw jaýlarynyň biri.
Özbegistanyň ýokary okuw jaýlarynyň biri.

Özbegistanda bir uniwersitetiň, ors usulyna eýerip, sowet döwründen galan “pylanyýewiç”, “pylanyýewna” diýen ýaly patronimikleri gaýtadan ulanyşa girizendigi, mygallymlara we professorlara ýüzlenilende “ussat” diýen ýaly adalgalary ulanmagy bolsa studentlere ýene-de gadagan edendigi aýdylýar.

Üstümizdäki hepdede "ustoz", ýagny “ussat” sözüni ulandyrmazlyk maksady bilen berlendigi aýdylýan bu buýruk Özbegistanyň Magaryf ministrliginden gelipmi ýa-da, Kokandyň döwlet pedagogik institutynyň studentleriniň we mugallymlarynyň aýdyşy ýaly, ondan has "ýokardan" - bu entek belli däl.

Herniçik-de bolsa uniwersitetiň rektoraty beýle bir gadagançylygy özüniň girizmändigini aýdýar.

Ýatda saklamak

Mugallymlara, erkek bolsa, olaryň kakalarynyň adynyň yzyna "iç", aýal-gyz bolsa hem "owna" goşup ýüzlenilmegi islegli zat däl, bu aýratyn-da Özbegistanda garym-gatymlyk döreder. Sebäbi bu ýerde prezident Yslam Kerimowyň hökümeti jemgyýeti has orslaşan elementlerden arassalamak üçin Sowet Soýuzy dargaly bäri ýigrimi ýyl wagt sarp etdi.

Onsoň şol häkimiýetleriň indi bular ýaly ownuk zatlarda öňki ugruny üýtgetmegine näme sebäp bolduka?

Mugallymlaryň biriniň çaklamagyna görä, ozalky däbe dolanylmagynyň sebäbi, studentleriň öz professorlarynyň adyny ýatda saklamagyny gazanmak bolsa gerek.

Bu ýerde göz öňünde tutulýan ýene bir maksadyň uniwersitetlerdäki adalgalary bir ölçege salmak bolmagy mümkin. Özbegistan 1991-nji ýylda garaşsyzlygyny yglan edeninden soň, stundentler mugallymlaryna dürli ýollar bilen ýüzlenip ugradylar, bularyň arasynda has köp ulanylan "ustoz", ýagny “ussat” sözi boldy.

Wagyz

Özbegistanyň köp mekdeplerinde mygallymlaryň atlaryna erkek bolsa "aka", aýal bolsa hem "opa" diýen sylag-hormaty aňladýan sözler goşuldy.

Orta Aziýanyň ilat taýdan iň uly ýurdunda mygallymlara ýüzlenilende ulanylýan sözler ýa arapça ýa-da dinden, aýratyn-da yslam dininden gözbaş alýan adalgalar. Mysal üçin, sowet döwründe erkekler üçin giňden ulanylan "muallim", aýallar üçin hem "muallima" däp boýunça dini medreselerde ulanylan sözler. Erkek mugallymlar barada ulanylýan "domla" sözi-de şeýle. Ol nika gyýlanda ýa-da şolar ýaly möhüm dabaralarda doga okaýan adama aýdylýar.

Beýle bolsa, onda özbek häkimiýetleri mekdepleri yslam bilen gös-göni ýa gytaklaýyn ilteşikli terminologiýadan dyndarjak bolýarmyka?

Resmi sowet doktorinasy bolan ateizm we sekulýarizm, ýagny dinsizlik öňki Sowet Soýuzynyň territoriýasynda giňden wagyz edilerdi. Şol sebäpden häzirki özbek režiminiň sowet protokolyna dolanmaga özbek ýaşlaryny sekulýarlaşdyrmak üçin bir ýol diýip garaýan bolmagy ähtimal.

Indi ýene nämeler bolar?

Muniň käbir adamlara gülkünç görünmegi-de ahmal. Ýöne Özbegistanyň özünde "Özbegistanyň yslam hereketi" ýaly yslamçy ekstremistlere garşy alnyp barylýan hemmetaraplaýyn kampaniýalary aýtmanyňda-da, Orta Aziýa yslamyň täsirine garşy gönükdirilýan çärelerden doly. Mysal üçin, Täjigistanda sakgal syrylýar, yslama daýanýan syýasy partiýalar gadagan edilýär, Gyrgyzystanda dindar student gyzlara okuwa hyjaply barmaga ýol berilmeýär, Türkmenistanda hem doga-tumar konfiskasiýa edilip, musulman talyplaryň maşgalalaryna azar berilýär.

Ýöne Orta Aziýada arap diliniň agdyklyk edýändigini göz öňüne getireniňde, onuň ýoguna çykmak aňsat däl.

Özbek mekdeplerinde indi ýene nämeler bolar? Aslynda giňden ulanylýan "kitap", "magaryf", hatda "mekdep" sözüniň özi-de arapçadan gelen. Häkimiýetler indi Özbegistanda we Orta Aziýanyň beýleki ýurtlarynda "student" sözüniň deregine ulanylýan "talyp" sözüni-de, Owganystandaky fundamentalistik "Talyban" hereketiniň halkara derejesinde ýaman ada eýe bolany üçin, gadagan ederlermikä?

XS
SM
MD
LG