Sepleriň elýeterliligi

Siriýa 'ýaraşygy' ylalaşyldy


ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri žurnalistlere Siriýada söweşleri soňlamagy durmuşa geçirmegiň bellenilendigini habar berdi.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri žurnalistlere Siriýada söweşleri soňlamagy durmuşa geçirmegiň bellenilendigini habar berdi.

Dünýäniň esasy döwletleri Siriýada duşmançylygy bes etmek we konfliktiň arasynda galan adamlara ynsanperwerçilik kömekleriniň eltilmegini artdyrmak barada ylalaşyga geldiler diýip, Mýunhene toplanan baş diplomatlar 12-nji fewralda aýtdylar.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri orsýetli we Siriýa goldaw toparynyň beýleki onlarça ýurdundan gelen diplomatlar bilen bir sagat çemesi bolan duşuşykdan soň žurnalistlere bir hepde içinde ýurt boýunça söweşi soňlamagy durmuşa geçirmegiň bellenilendigini habar berdi.

Ol gatnaşýan taraplaryň ählisiniň resmi gepleşikleri, Siriýada has gutarnykly parahatçylygy ýola goýmagy maksat edinýän Ženewa gepleşiklerini mümkin boldugyça çalt dikeltmek barada ylalaşandyklaryny aýtdy.

Kerri ylalaşylan ýaraşygyň «arakesme», «atyşygy bes etmek» bolman eýsem, has uzagyndan parahatçylyk bolmagyna, konfliktiň soňlanmagyna çagyrdy.

"Maksat uzagyndan, belli bir wagt içinde atyşygy kesmegi gazanmak bilen, hakyky gepleşikler arkaly durnukly parahatçylygy ornaşdyrmak» diýip, Kerri aýtdy. Ýöne ol Mýunhende boýun alnan borçnamalaryň diňe kagyz ýüzündedigini, olaryň indi durmuşa geçirilmelidigini hem sözüne goşdy.

Bu ýaraşyk «Yslam döwleti», «Al-Nusra front» taraplaryny, «Al-Kaýdanyň» Siriýadaky bölümlerini, beýleki ekstremist toparlary öz içine almaz diýip, ol aýtdy.

Britaniýanyň daşary işler sekretary Philip Hammond bu ylalaşygyň diňe bir ýagdaýda, Orsýetiň howa zarbalary bilen Siriýanyň hökümetine goldaw bermegini togtadyp bolan halatynda we olaryň Aleppodaky oppozisiýa mesgenlerine tarap ilerlemesi durzulan wagtynda «böwsüş» hasaplanyljakdygyny aýtdy.

"Eger doly we düzüw halda durmuşa geçirilse, bu Siriýadaky adam öldürmelerini we jepa-jebir çekilmelerini gowşatmak üçin möhüm ädim bolar» diýip, Hammond aýtdy. "Emma bu diňe Siriýanyň režimi we onuň goldawçylary öz häsiýetlerini düýpli özgerden ýagdaýynda mümkin» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Kerri we Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow ABŞ bilen Orsýetiň Siriýadaky ynsanperwerçilik kömekleri babatda işleýän täze kömekçi topara, şeýle-de wagtlaýyn ýaraşyk gurmak üçin esaslary goýýan topara bilelikde, ýagny egindeş başlyklyk etjekdiklerini aýtdy.

Millionlap siriýalynyň çekýän jebir-jepasyny azaltmak üçin ynsanperwerçilik kömeklerine ýol açylmagynyň juda zerurlygy bilen bir hatarda, BMG-niň bellän möhletinde, 25-nji fewralda Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň hökümeti bilen oppozisiýanyň arasynda doňan gepleşikleriň gaýtadan başlanmagy hem zerur bolup durýar.

Parahatçylyk gepleşikleri 3-nji fewralda, hakykatda başlanmazyndan ozal, Assadyň harbylarynyň Aleppo welaýatynda, rus howa zarbalarynyň güýçli goldaw bermegi netijesinde gazanan we şu güne çenli dowam edýän ilerlemeleri netijesinde togtady.

Başlanmanka togtan Siriýa gepleşikleriniň çatak meseleleri, şol sanda «Yslam döwleti» we «Al-Nusra» toparlaryndan başga haýsy toparlaryň terrorçy hasaplanylmalydygy we parahatçylyk gepleşiklerine goşulmaly däldigi henizem çözülmän galýar.

Orsýet bilen Siriýa Aleppoda söweşýän toparlaryň terrorçydygyny aýdýar, emma olaryň käbiri Türkiýe, Saud Arabystany we Günbatar tarapyndan goldanylýar.

Lawrow 2-nji fewralda Orsýetiň Assada terrorçy toparlara garşy söweşde harby goldaw berýän howa kampaniýasynyň dowam etdiriljekdigini, ýagny «terrorçylaryň» ýaraşykdan daşarda galýandygyny aýtdy.

Iňlisçeden türkmençä geçiren Ýowşan Annagurban.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG