Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türmedäki aklawçy açlyk çekýär


Ýewgeniý Tankow
Ýewgeniý Tankow

Sudýany siňek öldürilýän bilen urandygy üçin türmä basylan gazak aklawçysynyň ejesi oglunyň 13-nji ýanwardan bäri açlyk çekýändigini aýdýar.

Ýewgeniý Tankowyň ejesi Walentina Tankowa 12-nji fewralda Azatlyk radiosyna öz oglunyň tussaglaryň hukuklarynyň hormatlanylmagyny talap edýändigini aýtdy.

Muňa kadaly naharlanmak, maglumat elýeterliligi, garyndaşlary bilen yzygiderli telefonda gürleşmek rugsady hem girýär.

Tankow 2014-nji ýylyň martynda Karagandy regionynda bolan sud mahalynda sudýanyň öňünde siňek öldürilýän goýup, soňra başga bir siňek öldürilýän bilen sudýany urdy.

Aklawçy Gazagystanyň adalat sistemasynyň gülkidigini görkezmek üçin, sudýany siňek öldürilýän bilen başa-baş söweşe, duela çagyrandygyny aýtdy. Tankow soň sudýa hüjüm etmekde günäli tapyldy we üç ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

XS
SM
MD
LG