Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mýunhende Moskwa basyş edilýär


Jens Stoltenberg
Jens Stoltenberg

Orsýet belli howpsuzlyk maslahatynda Ukrainadaky hereketleri, Siriýadaky bombalaýyş kampaniýasy üçin tankyda sezewar boldy we NATO Moskwanyň ýadro kuwwatyny mazamlamasyny ýazgardy.

Fransiýanyň premýer-ministri Manuel Walls 13-nji fewralda Mýunhende geçýän Howpsuzlyk konferensiýasynda çykyş edip, gepleşiklere we parahatçylyga ýol arçamak üçin, Orsýet Siriýada asuda adamlary bombalamasyny bes etmeli diýdi.

Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew bilen bir sahnada bolan Walls Fransiýa Orsýeti we onuň bähbitlerini sylaýar diýdi.

Emma bize Siriýada parahatçylyk gerek, biziň gepleşik geçirmegimiz zerur, şu sebäpden asuda adamlary bombalamagy bes etmeli diýip, ol aýtdy.

Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew tankyda gaýtawul berip, Ýewropany we Birleşen Ştatlary öz ýurduny «haýallatmaga» çalyşmakda günäledi.

Ol, eger-de Günbatar Moskwa bilen hyzmatdaşlyk etmese, bu planetada bir yslamçy halyfatyň agalyk etmeginiň ýa-da onuň üçünji jahan urşuna iteklenmeginiň ahmaldygyny aýtdy.

Dünýäniň esasy döwletleri Mýunhende duşuşyp, bir hepde içinde Siriýadaky duşmançylyklary togtatmaga çalyşmak barada ylalaşyga geldiler. Emma Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Orsýet «Yslam döwleti» toparyny we we beýleki jeňçi toparlary bombalamagy dowam eder, olar bu ylalaşyga dahylsyz diýdi.

Moskwa ol toparlaryň sentýabrda başlan howa kampaniýasynyň esasy nyşanasydygyny aýdýar, emma Günbatar döwletleri Orsýet esasan Siriýanyň hökümetiniň beýleki garşydaşlaryna hüjüm etdi diýýärler.

Günbataryň we Ýakyn Gündogaryň birnäçe lideri Orsýetiň bombalamalarynyň dowam etdirilmeginden alada bildirdi, olar bu ýagdaýyň Siriýadaky bäş ýyllyk urşy togtatmak ugrundaky tagallalara päsgel berjegini aýdýarlar.

Germaniýanyň daşary işler ministri Frank-Walter Steinmeiýer 12-nji fewralda german şäherinde açylan konferensiýada Orsýetiň adresine berk tankydy sözleri aýtdy.

Steinmeiýer Moskwa Krymy ele geçireninden we gündogar Ukrainadaky separatistleri goldanyndan soň, «Ýewropa kontinentine uruş we we parahatçylyk meselesi dolanyp geldi» diýdi.

Ol Orsýetiň adyny tutmady, emma Sowuk uruş gutaranyndan we zorlukly 20-nji asyr tamam bolanyndan soň, özleriniň «Ýewropa parahatçylyk hemişelik dolanyp geldi we serhetler gaýdyp sorag astyna goýulmaz» diýip pikir edendiklerini aýtdy.

NATO-nyň başlygy Jens Stoltenberg «Orsýetiň özdiýenliligi Ýewropany durnuksyzlaşdyrýar» we Moskwanyň öz ýadro kuwwaty babatdaky ritorikasy hem-de ony mazamlamagy goňşulary gorkuzmaga we ynamy gowşatmaga gönükdirilen diýdi.

Stoltenberg 13-nji fewralda, Mýunhendäki Howpsuzlyk konferensiýasynda çykyş edip, NATO Orsýet bilen gapma-garşylyk ýa-da «täze Sowuk uruş» islemeýär, emma onuň jogaby nagt bolmaly diýdi.

Ol NATO-nyň öz gündogar çäklerindäki goranyşy berkitmek çäreleri diňe goranyş, «uruş turuzmak üçin däl, eýsem urşuň öňüni almak üçin» görülýär diýdi.

Stoltenberg NATO-nyň iýulda Warşawada geçjek sammitinde bu goranyş çäreleriniň has-da berkidilmegine garaşýandygyny aýtdy.

Ol «has kän goranyşa» we şonuň bilen bir wagtda Orsýet bilen has kän dialoga çagyrdy. Stoltenberg Orsýetiň öz ýadro kuwwatyny dile çolamagynyň köpelmeginden hem alada bildirdi. Ol hiç kim özara uruşda ýadro ýaragynyň ulanylmagy barada pikir etmeli däl diýdi.

Orsýet 2014-nji ýylda Ukrainanyň Krym sebitini öz kontrollugyna aldy we Kiýew güýçlerine garşy söweşýän separatistlere goldaw berdi. Netijede, gündogar Ukrainadaky uruşda 9 müňden gowrak adam öldürildi.

Iňlisçeden türkmençä geçiren Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG