Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow gutlag kabul etdi


Berdimuhamedow gutlag kabul edýär.
Berdimuhamedow gutlag kabul edýär.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary döwlet wezipesine ähli halk tarapyndan gaýtadan saýlanmagynyň nobatdaky senesiniň baýram edilmegi mynasybetli, Mejlisiň başlygyndan we Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasarlaryndan gutlaglary kabul etdi diýip, türkmen metbugaty anna güni habar berdi.

Olar ýurt baştutanyna berk jan saglygyny, uzak ömür we «mähriban halkymyzyň bagtynyň we abadançylygynyň bähbidine öňde goýlan beýik maksatlary we wezipeleri amala aşyrmak ýolunda täze üstünlikleri arzuw etdiler» diýip, habarda aýdylýar.

Gurbanguly Berdimuhamedow 2012-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen saýlawlarda gaýtadan prezident saýlanypdy.

XS
SM
MD
LG