Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: Heläkçilikli gaz partlamasy boldy


Gaz partlamasynyň bolan ýerinde halas edijiler işleýärler, Ýaroslawl şäheri, 16-njy fewral, 2016.
Gaz partlamasynyň bolan ýerinde halas edijiler işleýärler, Ýaroslawl şäheri, 16-njy fewral, 2016.

Orsýetiň Ýaroslawl şäherinde ýaşaýyş massiwinde gazyň partlamagy zerarly azyndan dört adam wepat boldy.

“Ýagdaý häzir anyk däl”, diýip regionyň häkimi Sergeý Ýastrebow 16-njy fewralda aýtdy we has köp adamyň ýumrulan binalaryň aşagynda galýandygyny belledi.

Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligindäki çeşme ýaralanan dokuz adamyň keselhana iberilendigini aýtdy.

Häkimiýetler howpsuzlyk düzgünleriniň bozulmagyny derňemek boýunça jenaýat işiniň gozgalandygyny mälim etdiler.

Orsýetde gazyň partlamagy bilen bagly ýagdaýlar köp ýüze çykýar. Dekabr aýynda Wolgograd şäherinde ýaşaýyş jaýda gazyň partlamagy zerarly ençeme adam wepat bolupdy.

XS
SM
MD
LG