Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýa ÝB bilen reformalary maslahat edýär


Britaniýanyň premýer-ministri Dawid Kameron (ç) we Ýewropa Parlamentiniň prezidenti Martin Şultz (s), Brussel, 15- nji fewral, 2016
Britaniýanyň premýer-ministri Dawid Kameron (ç) we Ýewropa Parlamentiniň prezidenti Martin Şultz (s), Brussel, 15- nji fewral, 2016

Britaniýanyň premýer-ministri Dawid Kameron Brusselde gepleşik geçirdi we ÝB-ni reformirlemek boýunça talabynyň goldanjagyna umyt bildirdi.

16-njy fewralda Kameron Ýewropa Parlamentiniň prezidenti Martin Şultz bilen hem duşuşdy we onuň Ýewropa Bileleşiginiň liderleriniň goldan ýagdaýynda parlamentiň meselä mümkin boldugyndan tiz seredip başlajakdygyny aýdandygyny mälim etdi.

Emma Şultz kanunyň geljegine kepil geçip bilmejegini belläpdir.

Şeýle-de Kameron Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Jean-Klaud Junker bilen hem duşuşdy. Junker Britaniýanyň ÝB-den çykmagynyň çykalga däldigini aýdypdyr.

Kameron reformalaryň geçirilmeginiň 2017-nji ýylyň aýagynda geçiriljek referendumda özüne Britaniýanyň Ýewropa Bileleşiginiň düzüminde galmagy üçin kampaniýa geçirmegine mümkinçilik berjekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG