Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Timoşenkonyň partiýasy koalisiýadan çykdy


“Batkiwşçina” partiýasynyň lideri Ýuliýa Timoşenko
“Batkiwşçina” partiýasynyň lideri Ýuliýa Timoşenko

Ukrainanyň häkimiýet başyndaky koalisiýasynyň ýarany gaýra çekilip, bileleşigi “milleti aňrybaş dargamak derejesine alyp baran klanlar koalisiýasy” diýip atlandyrdy.

Ýuliýa Timoşenkonyň “Batkiwşçina” partiýasy öz kararyny 17-nji fewralda yglan etdi we kanun çykaryjylary koalisiýany terk etmäge çagyrdy.

Bu hereket “Batkiwşçina” partiýasynyň we “Samopomoş” partiýasynyň parlamentdäki wekilleriniň premýer-ministr Arseniý Ýatsenýuga ynamsyzlyk bildirilip, geçirilen ses berişlige protest hökmünde parlamentiň maslahatyny boýkot etmäge çagyrmaklarynyň yzýany edildi.

16-njy fewralda geçirilen ses berişligiň netijesinde Ýatsenýuk wezipesinde saklanyp galdy. Munuň öňüsyrasynda prezident Petro Poroşenko “hökümete bolan ynamy dikeltmek üçin” Ýatsenýugy hökümet başyndan çekilmäge çagyrypdy.

XS
SM
MD
LG