Sepleriň elýeterliligi

Obama: Ylalaşyk Moskwa üçin “synag” bolar


Amrikan prezidenti Barak Obama.

Amrikan prezidenti Barak Obama.

Amerikan prezidenti Barak Obama Orsýeti Siriýada urşy däl-de, parahatçylygy goldamaga çagyryp, gepleşik arkaly ylalaşylan we üstümizdäki hepde başlanar diýip çaklanylýan atyşyklaryň bes edilmegi Moskwanyň niýetleri üçin bir "synag" bolar diýdi.

Obama şeýle hem Orsýetiň we Siriýanyň ýolbaşçylarynyň özleriniň gozgalaňçy toparlara garşy alyp barýan söweşlerinde ýeňiş gazanyp gelýändikleri baradaky gürrüňlerini ret etdi.

Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň güýçleriniň Orsýetiň howa zarbalarynyň kömegi bilen başlangyç ilerlemeleri gazanmaklary mümkin. Ýöne ýurduň dörtden üç bölegi olaryň elinde däl diýip, Obama 16-njy fewralda Kaliforniýada Gündogar Aziýa sammitiniň yz ýanyndan eden çykyşynda aýtdy.

Amerikan prezidenti, galyberse-de, Orsýetiň we Siriýanyň gazanan üstünliklerine köpsanly adamyň ölümi bilen aýylganç baha tölendi, Orsýetiň nirä urýanyny "saýgarman" alyp baran bomba zarbalarynyň netijesinde müňlerçe siriýaly öý-owzaryndan jyda düşdi diýdi.

“Orsýete gymmat düşer...”

Siriýadaky hakyky sorag Orsýetiň bir dargan ýurdy özüne ýaran edinmek bilen näme zady gazanandyryn diýip pikir edýänligi. Ol indi ony dikeltmek üçin milliardlarça dollar çykdajy etmeli bolar diýip Obama nygtady.

Amerikan prezidentiniň bellemegine görä, Orsýeti Siriýa girmäge mejbur eden Siriýa režiminiň güýçlüdigi däl, güýçsüzligi.

Obama: "Sen öz güýjüň öwerlik dälkä, goşunyňy iberdiň" diýip, Orsýetiň çökgünlik içindäki ykdysadyýetiniň, hökümete gelýän girdejiniň gowşamagynyň Moskwa uzak urşy goldamaga ýol bermejekdigini çak edýär.

"Putiniň Siriýany dowamly golastynda saklaryn diýip pikir edýän bolmagy ähtimal, ýöne bu gaty gymmat düşer. Orsýetiň ykdysady ýagdaýyna seredeniňde, bu Orsýet üçin bir gowy iş däl" diýip, Obama aýtdy.

Beýanat seslenme döretdi

Obamanyň aýtmagyna görä, Putin üçin peýdaly zat onuň ýaraşyga gelnip, Siriýada täze hökümete geçilmegine kömek etmegi, üstümizdäki hepde atyşyklaryň bes edilmegi bu prosese başlamaga Putin üçin bir amatly pursat bolup durýar.

Prezident Obamanyň beýanatlary 16-njy fewralda administrasiýanyň beýleki resmileriniň arasynda hem seslenme döretdi.

Döwlet departamentiniň sözçüsi Mark Toner Birleşen Ştatlaryň Orsýetiň atyşyklaryň bes edilmegi baradaky ylalaşygy hormatlamagyna garaşýandygyny aýtdy. Öten hepde Germaniýanyň Münhen şäherinde gepleşik geçirenleriň aýtmagyna görä, ylalaşyk 19-njy fewraldan bärde başlanmaly. Toner Birleşen Ştatlar "duşmançylygy duruzmakda käbir ilerlemeleriň bolanyny görmek isleýär" diýdi.

Pentagonyň sözçüsi Peter Kook hem atyşyklary bes etmek baradaky ylalaşyk bir "synag" we Orsýet üçin "bir täze ölçeg" diýdi.

"Biz muňa kimiň wepaly galýanyny, kimiň galmaýanyny gözden sypdyrman synlarys. Onsoň duşmançylygy duruzmak baradaky ylalaşygy kimiň bozandygyny açyk aýdarlyk we gerek bolsa, jogap bererlik ýagdaýda bolarys" diýip Kook tekrarlady.

XS
SM
MD
LG