Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Döwlet baýdagynyň güni günä geçiş yglan edildi


Türkmenistanyň döwlet baýdagy, Aşgabat
Türkmenistanyň döwlet baýdagy, Aşgabat

Türkmenistanda resmi derejede bellenýän Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli günä geçiş yglan edildi.

Resmi maglumatlarda tussaglykdan boşadylanlaryň sany barada habar berilmedi. Günä geçişde boşadylanlaryň sanawlary hem çap edilmedi.

Türkmen mediasy prezidentiň günä geçiş baradaky permana “rehimlilik we adam söýüjilik” ýörelgeleriniň esasynda gol çekendigi bellendi.

Türkmenistanda günä geçişler 2007-nji ýyldan bäri ýylyň dowamynda käbir uly döwlet baýramçylyklaryna gabatlanyp, prezidentiň karary bilen geçirilýär.

Türkmenistanyň birinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň doglan gününe gabat gelýän Döwlet baýdagynyň güni 1992-nji ýyldan bäri resmi baýramçylyk hökmünde 19-njy fewralda bellenýär.

XS
SM
MD
LG