Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: Baş prokuror wezipesinden çekilýär


Ukrainanyň Baş prokurory Wiktor Şokin, Kiýew

Ukrainanyň Baş prokurory Wiktor Şokin, Kiýew

Ukrainanyň basyş astyndaky Baş prokurory resmi taýdan wezipeden çekildi, diýip prezident Petro Poroşenkonyň metbugat-wekili Twitter ulgamynda ýazdy.

Metbugat-sekretar Swýatoslaw Tsegolkonyň 19-njy fewralda ýazmagyna görä, Baş prokuror Wiktor Şokiniň wezipeden çekilýändigi barada resmi arza prezidentiň administrasiýasyna gowuşypdyr.

Baş prokuroryň orunbasary Witaliý Kaskonyň 15-nji fewralda wezipesinden çekilip, Şokini korrupsiýa bilen bagly ýagdaýlaryň derňelmegine päsgel bermekde aýyplamagyndan soň onuň wezipeden çekilmegine edilen çagyryşlar güýçlenipdi.

ABŞ-nyň wise-prezidenti Joe Biden Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko bilen 18-nji fewralda geçiren telefon söhbetdeşliginde onuň Şokini wezipesinden çetleşdirmek kararyny ABŞ-nyň goldaýandygyny mälim etdi. Biden bu ädimiň “prokuratura edaralarynda zerur reformalara tarap ýol açýandygyny” belledi.

XS
SM
MD
LG