Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Ermenistandaky howa bazasyny güýçlendirýär


Orsýetiň MiG-29 söweş uçary, Erebuni howa bazasy, Ermenistan
Orsýetiň MiG-29 söweş uçary, Erebuni howa bazasy, Ermenistan

Orsýet Ermenistandaky harby bazasyny güýçlendirýär. Orsýetiň mediasy harby baza täze görnüşli söweş uçarlarynyň we dikuçaryň iberilendigini habar berdi.

Orsýetiň harbylarynyň 20-nji fewralda çap bolan beýannamasyna görä, dört sany MiG-29 kysymly söweş uçary we Mi-8MT kysymly dikuçary Ermenistanyň Türkiýe bilen serhediniň golaýyndaky Erebuni howa bazasynda ýerleşdirildi.

Howa bazasynyň pilotlary türgenleşik uçuşlaryny mart aýynda amala aşyryp başlarlar.

Orsýet Ermenistany harby taýdan üpjün ediji esasy ýurt. Şeýle-de Moskwa Ermenistanyň Gümri şäherinde üç müň esgerini saklaýar.

XS
SM
MD
LG