Sepleriň elýeterliligi

ÝB Britaniýanyň 'ýörite statusyny' ýaýbaňlandyrar


Britaniýanyň premýer-ministri Dawid Kameron, Brussel, 19-njy fewral, 2016

Britaniýanyň premýer-ministri Dawid Kameron, Brussel, 19-njy fewral, 2016

Britaniýanyň premýer-ministri Dawid Kameron we ÝB-niň liderleri Britaniýanyň “ýörite statusyny” ýaýbaňlandyrmak arkaly bu ýurdy Ýewropa Bileleşiginiň düzüminde saklamak planyny yglan etdiler.

Iki günläp dowam eden gyzgalaňly gepleşiklerden soň 19-njy fewralda Kameron ylalaşygyň öz saýlaw kampaniýasynda beren wadalaryna gabat gelýändigini we Britaniýanyň immigrasiýany we ýewro giňişligine aralaşmagyny çäklendirmäge mümkinçilik berýändigini aýtdy.

Kameron gelnen ylalaşygy ministrler kabinetiniň garamagyna berip, referendum üçin wagt möhletiniň tiz wagtda bellenjekdigini belledi.

XS
SM
MD
LG