Sepleriň elýeterliligi

Kaşmirde çaknyşyklar üçünji gününde dowam edýär


Kaşmiriň Hindistana degişli böleginde howpsuzlyk güýçleri hökümet binasyna hüjüm eden we azyndan ýedi adamy öldüren söweşijilere garşy göreşini üçünji gününde, ýagny 22-nji fewralda hem dowam etdirýärler.

22-nji fewralda komandirleriň we polisiýanyň täze operasiýalary başlatmagy netijesinde Srinagaryň golaýyndaky jaý toplumyndan güýçli ok atyşyklaryň we partlamalaryň sesini eşitse bolýar. Srinagar Kaşmiriň Hindistana degişli böleginiň tomusky paýtagtydyr.

Hindistanyň howpsuzlyk resmileriniň aýtmagyna görä, 21-nji fewralda bir söweşiji öldürilenden soň, el granatlary we pulemýotlar bilen ýaraglanan üç ýa-da dört söweşijiniň heniz hem jaý toplumynyň içindedigi çaklanylýar.

Gürrüňi edilýän sebitdäki çaknyşyklar 20-nji fewralda söweşijiler hindi ýarymharby esgerleriniň ulag kerwenine ot açyp, hökümetiň binasyna gaçyp bukulan mahaly başlady. Bu waka sebäpli 110-dan gowrak hökümet işgäri ewakuasiýa edildi.

XS
SM
MD
LG