Sepleriň elýeterliligi

Rohani we onuň ýaranlary saýlawlarda köplük orny gazandy


Eýranda gazet okaýan ýaşaýjy.

Eýranda gazet okaýan ýaşaýjy.

Eýranda 26-njy fewralda geçen saýlawlaryň jemleýji netijeleri belli bir derejede aram hasaplanýan prezident Hassan Rohani bilen onuň ýaranlarynyň täsirli Ekspertler mejlisinde köplük orny gazanandygyny görkezýär. Bu bolsa ýurtda üç esasy bloguň bir bolan parlamentiň güýjüniň artmagydyr.

Saýlawlar, iýul aýynda gelnen ýadro ylalaşygy bilen baglylykda halkara sanksiýalar ýatyrylaly bäri, Eýranda geçen ilkinji ses berişlikdir. Reformaçylaryň konserwatiwlerden üstün çykmagy Tähranyň onlarça ýyla çeken syýasy we ykdysady izolýasiýadan çykmak üçin edýän tagallalaryna şübhesiz täsir eder.

Rohani bilen öňki prezident merkezçi Ali Akbar Haşemi Rafsanjany Ekspertler mejlisinden aňsatlyk bilen orun aldylar. Ruhanylardan durýan bu organ Eýranyň iň güýçli resmisi bolan ýokary lideri saýlap, onuň işlerine gözegçilik edýär.

“Koordinirlenen işiň nusgasymy?”

Içeri işler ministrliginiň beren maglumatyna görä, reformaçylar tarapyndan goldanylan kandidatlar 88 orunly Ekspertler mejlisiniň 52 ornuny eýelemek bilen, tanymal konserwatiwleriň birnäçesini, şol sanda bu organyň häzirki başlygy Aýatolla Mohammad Ýazdi bilen Aýatolla Tagy Mesbah Ýazdini-de öz orunlaryndan çetleşdirmegi başardylar.

Ýöne Aýatolla Ahmad Jenneti ýaly tanymal konserwatiwleriň birnäçesi Ekspertler mejlisine täzeden saýlandylar. Jenneti ýüzlerçe reformaçy dalaşgäri bu orna ukypsyz diýip, parlament saýlawyndan we Ekspertler saýlawyndan çykaran Gözegçiler geňeşine ýolbaşçylyk edýär.

Ses berişlikden soňra Eýranyň sud häkimiýetleriniň konserwatiw başlygy Aýatolla Sadeg Amoli Larijany reformaçylary konserwatiwleriň Ekspertler mejlisine täzeden saýlanmagynyň öňüni almak üçin "amerikan we iňlis media neşirleri" bilen işleşenlikde aýyplady.

Larijany 29-njy fewralda Ýazdi bilen Mesbah Ýazdiniň saýlawda ýeňilmegine salgylanyp, şeýle diýdi: "Bu režimiň bähbidine bu şahsyýetleri Ekspertler mejlisinden çykarmak üçin daşary ýurtlular bilen bilelikdäki koordinirlenen işiň nusgasymy?"

Ekspertler mejlisi

Ekspertler mejlisi geljek 8 ýyllyk möhletde Günbatara berk garşy bolan Aýatolla Ali Hameneýiniň oruntutaryny belläp bilýär. 76 ýaşly Hameneýi 1989-njy ýyldan bäri häkimiýet başynda.

Reformaçylar konserwatiwleriň täzeden saýlanmagynyň öňüni almak üçin saýlawçylary reformaçylar bilen belli bir derejede aram kandidatlardan düzülen koalisiýa ses bermäge çagyrdylar.

29-njy fewralda ýurduň içeri işler ministri Rahmani Fazli hasaba alnan 55 million eýranlynyň 62 prosentiniň ses berişlige gatnaşandygyny habar berdi.

Parlament saýlawlaryna berlen sesler entek sanalyp tamamlananok. Ýöne 290 orunly parlamentde aram we reformaçy, garaşsyz ýa konserwatiwlerden durýan üç syýasy blogyň hiç biri sesleriň aglaba köplügini alar öýdülenok.

Ýöne häzir mälim edilen bölekleýin netijeler reformaçylar bilen aramlaryň geçen on ýyllyklardakydan has öňdedigini görkezýär.

Parlament saýlawlarynda Tähranyň paýyna düşýän 30 ornuň hemmesini Rohani bilen onuň reformaçy ýaranlary gazandylar

XS
SM
MD
LG