Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp bilen Klinton öňde barýar


Hillari Clinton we Donald Tramp
Hillari Clinton we Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidentligine umydygärler Donald Tramp we Hillari Klinton respublikan we demokrat partiýalarynyň prezidentlige kandidatlarynyň soňky tapgyr ses berişliginde hem öňdeligi saklamagy başardylar.

Milliarder, gozganmaýan emläk tütjary Tramp 5-nji martda Luzianada we Kentukkide öňdelige eýe boldy, emma Tehsas senatory Ted Kruz Maýnede we Kanzasda ýeňendigini aýtdy.

Respublikanlaryň beýleki iki bäsleşikçisi - Florida senatory Marko Rubio we Ohaýa gubernatory John Kasiç az progres gazandy.

Demokratlaryň bäsleşiginde ozalky döwlet sekretary Hillari Klinton Luzianada ýeňiş gazandy, Wermont senatory Berni Sanders bolsa Kanzasda we Nebrasdaka ýeňiş gazandy.

Ekspertleriň aglabasy Klinton 8-nji noýabrda geçiriljek saýlawlarda demokratlaryň kandidaty bolar diýip garaşýar.

Bu saýlawlar amerikan saýlawçylarynyň iki möhlet prezidentliginden soň iş başyndan gidýän Barak Obamanyň ýerine kimi seçjekdiklerini görkezer.

Emma muňa garamazdan, respublikanlar tarapda partiýanyň uly bölünişigiň gyrasyna gelendigi aýdylýar, sebäbi partiýanyň ýaşuly agzalary Trampyň meşhurlyga kowalaşyp aýdýan gödek, ýakymsyz sözlerine garşy durýarlar.

2012-nji ýylda respublikanlaryň prezidentlige kandidaty bolan Mit Romniý 3-nji martda partiýadaş ýoldaşlaryna Trampy öz kandidatlary edip seçmezlik barada duýduryş berdi. Ol gozganmaýan emläk tütjaryny «galp we kezzap» atlandyrdy.

Biraz öň respublikanlaryň 60 sany daşary syýasat weterany Trampa garşy durmagy wada berdi, olar onuň edýän teklipleriniň ABŞ-nyň howpsuzlygyny gowşatjakdygyny aýdýarlar.

Tramp başdaky 19 bäsleşigiň 12-sini ýeňip respublikanlaryň açyk öňdebaryjysy boldy.

Emma Kruz özüniň alty ştatdaky ýeňişleriniň Trampy başa-baş söweşde ýeňip biljekdigini görkezýändigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG