Sepleriň elýeterliligi

Eýran nebit önümçiligini doňdurmaz


Bijan Namdar Zanganeh

Bijan Namdar Zanganeh

Eýran geçen aý Orsýet Bilen Saud Arabystanynyň arasynda nebitiň global arzanlamagyny togtatmak üçin gelnen ylalaşyk sebäpli öz nebit önümçiligini doňdurmak niýetiniň ýokdugyny aýtdy.

Eýranyň nebit ministri Bijan Namdar Zanganeh 13-nji martda «Press TV» çykyşynda beýleki nebit öndürýän ýurtlar bizi «öz günümize goýsun» diýdi.

Zanganeh Tähranyň nebit çykarmasyny kemeltmek barada diňe günde 4 million barrel nebit öndürip başlanyndan soň pikir etjekdigini aýtdy.

Eýran dawaly ýadro programmasy sebäpli Tährana garşy girizilen günbatar sanksiýalaryndan ozal günde şeýle möçberde nebit öndürýärdi.

Zanganeh öň nebit önümçiligini doňdurmagyň degişme boljakdygyny, Eýranyň öz ýitiren bazar paýyny yzyna almak isleýändigini aýdypdy.

Nebit eksport edýän ýurtlar guramasynyň (OPEC) maglumatyna görä, Eýranyň häzirki nebit önümçiligi günde 2.8 million bilen 3.5 million barreliň aralygynda durýar.

Orsýet bilen Saud Arabystanynyň Wenezuela, Katar tarapyndan goldanylan teklibi 2014-nji ýylyň ortasyndaky iň ýokary derejesinden 70 prosente çenli aşak gaçan nebit bahalaryny durnuklaşdyrmaga gönükdirilen.

Halkara Energiýa agentligi Orsýete we Saud Arabystanyna şu ýyl, nebit öndürilişiniň möçberini kemeltmegi teklip etmek bilen, nebit bahalarynyň aşaklamagyny togtatmaga kömek edýändigi üçin ynam bildirdi.

XS
SM
MD
LG