Sepleriň elýeterliligi

Azeri serhet gullukçylary bäş adamy öldürdi


Azerbaýjanyň Eýran bilen serhediniň golaýynda ýerleşýän Ýardymly etraby.

Azerbaýjanyň Eýran bilen serhediniň golaýynda ýerleşýän Ýardymly etraby.

Bakuwyň berýän maglumatyna görä, 13-nji martda Azerbaýjanyň serhet gullukçylar Eýrandan ýurduň araçäklerine bikanun geçen bäş ýaragly adamy atyp öldüripdirler. Olaryň Bangladeşiň we Azerbaýjanyň raýatydygy habar berilýär.

Azerbaýjanyň günortasyndaky bu ok atyşyk, öňünden duýduryjy enjam ýurduň araçäklerine sekiz ýa-da 10 çemesi adamyň bikanun geçýändigini kesgitlemeginiň yzýany amala aşyryldy. Bu waka Azerbaýjanyň Ýardymli etrabynyň Daşkend obasynyň golaýynda boldy.

Azerbaýjanyň serhet gullugynyň berýän maglumatyna görä, gürrüňi edilýän adamlaryň topary berlen duýduryşlary diňlemän, polisiýa ot açyp başlapdyr.

Şeýle-de, beýanatda ýaragly iki şübheliniň tussag edilendigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG