Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetli aktiwist Nemtsowyň ýadygärliginde tussag edildi


Boris Nemtsowyň öldürilen ýerinde halk tarapyndan döredilen ýadygärlik, Moskwa
Boris Nemtsowyň öldürilen ýerinde halk tarapyndan döredilen ýadygärlik, Moskwa

Orsýetiň polisiýasy Kremliň golaýynda geçen ýylda oppozisiýa lideri Boris Nemtsowyň atylyp öldürilen ýerinde aktiwistleri tussag etdi.

“OVD-Info” atly internet neşriniň habar bermegine görä, Andreý Darklait bu ýerde halk tarapyndan döredilen ýadygärlik nokadyna gözegçilik eden wagtynda polisiýa tarapyndan tussag edilipdir.

Aktiwistler Nemtsowyň öldürilen ýerinde ýadygärlik hökmünde döredilen ýeriň diňe bir ýanwar aýynyň dowamynda ençeme sapar dargadylmagyndan soň, gijelerine gözegçilik alyp barýarlar.

Nemtsow 2015-nji ýylyň 27-nji fewralynda Kremiň golaýyndaky köprüde atylyp öldürilipdi.

Nemtsowyň ölümine sebäpkär bolmakda aýyplanyp, Demirgazyk Kawkaz regionyndan ençeme adam tussag edildi we suda berildi.

Emma oppozisiýa lideriniň garyndaşlary we aklawçylary sud işine şübheli garaýarlar we onuň öldürilmegine ýokary derejeli orsýet resmileri tarapyndan görkezme berlendigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG