Sepleriň elýeterliligi

Owgan ýaragly topary parahatçylyk prosesine goşuldy


“Hezb-e Islami” toparynyň ýolbaşçysy Gulbuddin Hekmatýar

“Hezb-e Islami” toparynyň ýolbaşçysy Gulbuddin Hekmatýar

Yslamçy söweşiji topar “Hezb-e Islami” owgan hökümeti bilen parahatçylyk ugrundaky gepleşiklere başlady.

Meýdan komandiri Gulbuddin Hekmatýaryň ýolbaşçylygyndaky toparyň wekilleri Owganystanda parahatçylyk ugrundaky prosese gözegçilik edýän Parahatçylyk ugrundaky geňeşiň agzalarynyň Kabulda geçirýän konferensiýada peýda boldy.

“Hezb-e Islami” toparyň delegasiýasynyň ýolbaşçysy Karim Amin öz “hoşniýetliliginden” hökümet güýçlerine garşy söweşýän beýleki toparlaryň hem görelde almagyna we parahatçylyk prosesine goşulmagyna umyt bildirdi.

Owganystanyň “Talyban” guramasy bilen güýçli bolmadyk ýaranlykdaky “Hezb-e Islami” toparynyň söweşijileriniň Owganystanyň gündogarynda aktiw hereket edýändigi aýdylýar.

Owganystandaky esasy söweşiji gurama “Talyban” şu aýyň başynda owgan hökümeti bilen göni gepleşiklere gatnaşmakdan ýüz öwürdi.

XS
SM
MD
LG