Sepleriň elýeterliligi

Abdeslam pikirini üýtgedendigini aýdýar


Prokuror Francois Molins

Prokuror Francois Molins

Geçen ýylyň Pariž hüjümlerinde güman edilýän esasy gaçgak sport stadionynda özüni patrtlatmagy planlaşdyrandygyny, emma soň pikirini üýtgedendigini aýdýar.

Salah Abdeslam muny 19-njy martda, Belgiýanyň derňewçilerine aýtdy. Ol şondan bir gün öň Brýusselde geçirilen polisiýa reýdinde, dört aýlyk gözlegiň soňunda ele salyndy.

"Ol özüni Stade de Franceda ýarmak isläpdir, emma bu niýetinden el çekipdir» diýip, fransuz derňewçileriniň ýolbaşçysy Francois Molins Abdeslamyň beýanatyna salgylanyp aýtdy.

Abdeslam Brýusseliň magistratynda sorag edileninden soň Bruges türmesine geçirildi. Stadiona, kafelere we konsert zalyna edilen ýaragly we bombaly hüjümlerde 130 adam öldürildi we bu Ýewropada 2004-nji ýyldan bäri amala aşyrylan iň ganly jeňçi hüjümi hökmünde bellige alyndy.

Molins Parižde žurnalistlere adamlaryň 26 ýaşyndaky fransuz raýatynyň başlangyç beýanatlaryna serasaply çemeleşmelidiklerini aýtdy.

XS
SM
MD
LG