Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat çilim söwdasyna monopoliýa girizýär


Türkmenistan, ýurt içinde öndürilen temmäki.
Türkmenistan, ýurt içinde öndürilen temmäki.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurda temmäki önümlerini getirmegiň we satmagyň ähli ygtyýaryny diňe Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine berdi.

Prezidentiň anna güni gol çeken kararyna laýyklykda, temmäki önümlerini bellenen tertipde ýurda getirmäge hem-de ol önümlere iň pes bölek satuw bahalaryny bellemäge, şeýle-de öz garamagyndaky edaralaryň üsti bilen temmäki önümleriniň lomaý we bölek satuw söwdasyny amala aşyrmaga diňe agzalan ministrlige ygtyýar berilýär.

Temmäki önümleriniň şahsy adamlar tarapyndan hususy zerurlyklar üçin niýetlenip, bellenen tertipde getirilýän bölegi we Türkmenistanyň çäkleriniň üstünden geçirilýän temmäki ýükleri muňa girmeýär diýip, metbugat habarynda aýdylýar.

Türkmen telewideniýesi bu kararyň temmäki önümlerini Türkmenistana getirmegiň we olaryň söwdasyny amala aşyrmagyň tertibini has-da kämilleşdirmek maksady bilen kabul edilendigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG