Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama Kuba taryhy saparyna başlady


Barak Obama, Hawana, 20-nji mart, 2016
Barak Obama, Hawana, 20-nji mart, 2016

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama 20-nji martda Hawana baryp, Kuba taryhy saparyna başlady. ABŞ-nyň prezidentiniň 88 ýylyň dowamynda Kuba edýän ilkinji sapary Fidel Kastronyň 1959-njy ýylyň rewolýusiýasyndan soň ýurtlaryň arasynda kesilen gatnaşyklary gowulandyrmak maksadyny öz öňünde goýýar.

Obamany aeroportda Kubanyň ýokary derejeli resmilerinden daşary işler ministri Bruno Rodríguez Parrilla garşy aldy.

Obama saparynyň başynda ABŞ-nyň Hawana myhmanhanasynda açylan ilçihanasynyň işgärleri bilen duşuşdy.

Obamanyň Kubanyň prezidenti Raul Kastro we beýleki syýasatçylary bilen duşuşmagy planlaşdyrylýar.

Şol bir wagtda-da 20-nji martda Hawanada dissidentleriň protesti basylyp ýatyryldy we 50 çemesi protestçi tussag edildi.

Kubanyň we ABŞ-nyň prezidentleriniň 2014-nji ýylyň dekabr aýynda geçiren giňişleýin telefon söhbetdeşliginden soň ýurtlaryň özara diplomatik gatnaşyklary dikelip başlady, telekommunikasiýa boýunça ylalaşyk baglaşyldy, howa gatnawyny ýola goýmak barada ylalaşyga gelindi.

Emma uly gapma-garşylyklar, şol sanda ABŞ-nyň Kuba garşy 54 ýyllyk ykdysady gadagançylygy saklanýar.

XS
SM
MD
LG