Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama Kuba bardy


Prezident Barak Obama we prezident Raul Kastro
Prezident Barak Obama we prezident Raul Kastro

Prezident Barak Obama 20-nji martda taryhy sapar bilen Kuba bardy. 88 ýyla çeken döwürde amerikan prezidenti tarapyndan edilýän bu sapar Fidel Kastronyň 1959-njy ýyldakyrewolýusiýasyndan başlap, dartgynlaşyp ugran gatnaşyklary gowulandyrmak ugrunda ädilen möhüm ädimdir.

Obama Birleşen Ştatlaryň Kuba barada ýarym asyrdan köp wagtlap alyp baran syýasatyny üýtgedip, gantşyklarkadalaşdyrylyp başlanyndan 15 aý soň 48 sagatlyk wizit bilen Kuba baranda, Twitterde ispan dilinde "ýagdaý niçik, Kuba" diýip ýazdy.

Amerikan prezidentini Gawanada garşy almaga aeroporta baran Kubanyň iň ýokary derejeli resmisi ýurduň daşary işler ministri Bruno Rodriguez Parrilla boldy.

Prezident Obama ilki Amerikanyň Gawana myhmanhanasynda täze açylan ilçihanasynyň işgärleri bilen duşuşdy. Ol olara: "Bu kuba halky bilen gönüden-göni iş salyşmak üçin taryhy pursatdyr" diýdi.

Prezident ilçihananyň işgärleri bilen salamlaşanyndan soň,guýup duran güýçli çabga garamazdan, öz maşgalasy bilen Gawananyň gadymy bölegine aýlandy.

Obama iki günlük saparynda Kubanyň prezidenti Raul Kastro, şeýle hem syýasy dissidentler bilen duşuşar.

Bu plana garamazdan, dissidentleriň 20-nji martda Gawanada geçiren demonstrasiýasy Obama barmazyndan sanlyja sagat öň ýatyrylyp, elli töweregi protestçi tutuldy.

Kubanyň prezidenti bilen Obamanyň arasynda 2014-nji ýylyň dekabrynda geçen giňişleýin telefon gepleşiginden soňra Gawana bilen Waşington diplomatik gatnaşyklary täzeden dikeldip, telekommunikasiýa boýunça şertnama baglaşmagy, howa gatnawyny ýola goýmagy ylalaşdylar.

Ýöne esasy aratapawutlarda, şol sanda Birleşen Ştatlaryň 54 ýyl mundan ozal Kubanyň garşysyna girizen ykdysady embargosynda-da üýtgän zat ýok.

Ýurduň daşary söwda we daşary maýa goýumy boýunça ministri Rodrigo Malmiersanyň 20-nji martda Gawanada geçirilen metbugat ýygnagynda belleýşi ýaly, Kubany has beter gynaýan hem edil şu: "Kubanyň ykdysady ösüşine iň uly böwet bolan Birleşen Ştatlaryň Kubanyň garşysyna girizen ykdysady embargosy".

Ol munuň sebäplerini şeýle düşündirdi: "Kubanyň kompaniýalaryna Birleşen Ştatlara önüm ýa hyzmat eksport etmäge ýol berlenok. Iki ýurduň arasyndaky söwda häzir birtaraplaýyn. Galyberse-de, amerikan kompaniýalaryna Kubada telekommunikasiýa pudagyndan başga ýerde maýa goýmaga rugsat edilmeýär. Kubanyň hiç bir bankynyň amerikan banky bilen göni gatnaşygy ýok. Olar amerikan banklarynda hasap-da açyp bilenoklar".

Malmiersa Birleşen Ştatlaryň Kuba baradaky syýasatyna baha berip: "Birleşen Ştatlaryň syýasaty Kubanyň döwleteýeçiligindäki kompaniýalary barada ýalňyş pikir ýöredip, olary ýekirdi. Biziň ykdysady düzgünimizde agdyklyk edýän döwlet eýeçiligindäki kärhanalar. Bu düzgün biziň özbaşdaklygymyzyň esasynda kuba halkynyň saýlap tutan ýoly" diýdi.

XS
SM
MD
LG