Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Gyrgyz lideri Daşkentdäki sammitden ýüz öwürýär


Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew

Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew

Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň tomusda Özbegistanda geçiriljek maslahatyna özüniň gatnaşmajagyny aýtdy.

Atambaýewiň 24-nji martda eden bu beýannamasy gyrgyz-özbek serhediniň dawaly böleginde dartgynlylygyň güýçlenen wagtyna gabat geldi.

Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasyna Orsýet, Hytaý, Gazagystan, Gyrgyzystan we Özbegistan girýär. Guramanyň sammitiniň 23-24-nji iýunda Daşkentde geçirilmegi planlaşdyrylýar.

Atambaýew Gyrgyzystanyň hiç haçan uruşa başlamajagyny, emma islendik “agressiýa” jogap bermäge taýýardygyny aýtdy.

18-nji martda Özbegistanyň häkimiýetleri Gyrgyzystan bilen serhetdeş Ala-Buha etrabynda onlarça harbysyny we harby tehnikasyny ýerleşdirdi.

Gyrgyz häkimiýetleri serhede harbylaryny we harby tehnikasyny ibermek bilen jogap berdiler.

21-nji martda taraplar öz harbylaryny serhetden yzyna çekdiler, emma ýagdaý dartgynly bolmagynda galýar.

XS
SM
MD
LG