Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: Orsýetiň ýörite güýçleriniň ofiseri wepat boldy


Orsýetiň howa güýçleriniň Siriýadan gaýdýan pilotlary, 16-njy mart, 2016.
Orsýetiň howa güýçleriniň Siriýadan gaýdýan pilotlary, 16-njy mart, 2016.

Orsýetiň täzelikler agentlikleriniň 24-nji martda habar bermegine görä, Orsýetiň ýörite güýçleriniň ofiseri Siriýanyň Palmyra şäheriniň golaýyndaky howa hüjüminde wepat bolupdyr.

“Terrorçylaryň nyşanlaryna göni howa hüjümi amala aşyrylan wagtynda Orsýetiň ýörite güýçleriniň ofiseri wepat boldy” diýip Interfaks agentligi Orsýetiň Hmeimim howa bazasyndaky çeşmesine salgylanyp habar berdi.

TASS we “RIA Novosti” hem bu waka barada habar berdiler. Emma ofiseriň wepat bolan wagty barada takyk maglumat bermediler.

Bu habar Kremliň Siriýada bäş aý bäri amala aşyrýan howa hüjümleriniň dowamynda wepat bolan orsýet harbylarynyň sanyny ýedi adama ýetirdi.

Orsýet ýörite güýçleriniň Siriýada ýerleşýändigini ilkinji gezek 23-nji martda mälim etdi.

Mundan öň Moskwa Siriýadaky çäkli rolunyň Orsýetiň howa bazaryny goramak, Siriýanyň goşunyna maslahat bermek we ýere gaçan uçarlary halas etmek boýunça çäreler bilen çäklenilýändigini aýdypdy.

XS
SM
MD
LG