Sepleriň elýeterliligi

Saud Arabystany, "Huthi" tussaglaryny çalyşdylar


Saud Arabystanynyň ýolbaşçylygyndaky harby koalisiýanyň howa zarbalarynyň netijesi, Sanaa, 27-nji fewral, 2016

Saud Arabystanynyň ýolbaşçylygyndaky harby koalisiýanyň howa zarbalarynyň netijesi, Sanaa, 27-nji fewral, 2016

Ýemeniň şaýy gozgalaňçylaryna garşy söweşýän Saud Arabystanynyň ýolbaşçylygyndaky harby koalisiýanyň 28-nji martda aýtmagyna görä, indiki aýa planlaşdyrylan parahatçylyky gepleşikleriň öňýanynda dokuz saud arabystanly tussagyň 109 ýemenli raýata çalyşylandygyny habar berdi.

Koalisiýa ýemenli tussaglaryň “Saud Arabystanynyň serhetlerine golaý ýerde geçirilen operasiýalaryň dowamynda ele salnandygyny aýtdy.

Ýemeniň mediasy saud arabystanly dokuz adamyň esgerlerdigini habar berdi.

Koalisýa tusaaglaryň çalyşygynyň 27-nji martda geçirilendigini öz beýannamasynda habar berdi.

Bu waka Arap dünýäsiniň iň garyp ýurdy bolan Ýemende 6000 adamyň ölümine getiren we gumanitar konflikti tutaşdyran uruşda geçen ýylyň aýagyndan bäri amala aşyrylan ençeme tussag çalyşygynyň biridir.

Konfliktde Saud Arabystanynyň goldamagyndaky Ýemeniň häkimiýetleri öňki hökümete ýaran şaýy gozgalaňçylarynyň “Huthi” toparyna garşy söweşýärler.

Eýranyň goldawyna daýanýan gozgalaňçyar 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda Ýemeniň paýtagty Sanaany basyp alypdy, 2015-nji ýylyň mart aýynda koalisiýa howa hüjümlerine başlapdy.

Konfliktdäki taraplar 18-nji aprelde Kuweýtde geçiriljek parahatçylyk ugrundaky gepleşikleriň öňýanynda 10-njy aprelde gije ok atyşygy bes etmek barada ylalaşdylar.

XS
SM
MD
LG