Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ogurlanan uçar: başagaýlyk tamamlandy


Müsürden ogurlanan uçar Kiprde gonmaga mejbur edildi
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:41 0:00

Müsürden ogurlanan uçar Kiprde gonmaga mejbur edildi

Müsür howaýollaryna degişli uçary alyp gaçyp, ony Kiprde gonmaga mejbur eden näbelli adam özüni ýerli häkimiýetlere tabşyransoň, Kipriň Larnaka aeroportundaky başagaýlyk tamamlandy.

Kipriň döwlet telewideniýesi uçary alyp gaçanlykda güman edilýäniň ellerini galdyryp, uçardan düşendigini habar berdi. Onuň bu işi näme maksat bilen edendigi belli däl.

Daşary işler ministrligi Twitterde "ähli zat tamamlandyr" diýip yglan etdi.

Müsüriň ýolagçy howaýollary ministrliginiň bildirmegine görä, Aleksandriýadan paýtagt Kaire barýan uçarda ýolagçylaryň biri uçarmana özünde partlaýjylaryň bardygyny aýdyp, oňa uçaryň ugruny Larnaka tarap öwürmegi buýrupdyr.

"Ynamdar çeşmelerden alan maglumatlarymyza görä, uçary alyp gaçanyň elinde tüpeň ýa başga bir ýarag ýok. Ýöne ol bilinde partlaýjy guşagyň bardygyny aýdýar. Partlaýjy guşak hakykymy ýa däl, ony entek bilemzok. Ýöne biz ýolagçylaryň howpsuzlygyny goramak maksady bilen, onun bu aýdýany dogrudyr diýen pikirden ugur alyp, muňa hakyky howp diýip garaýarys" diýip, Atiýa aýtdy.

Häkimiýetler we Müsüriň howa ýollarynyň işgärleri uçardaky adamlaryň sanyny azyndan 55 diýip çaklapdylar.

"Häzir uçary alyp gaçan bilen geçirilen gepleşiklerden soň uçarda ýedi adam bar. Bular baş uçarman, onuň kömekçisi, bir stýuardessa, bir-de howpsuzlyk işgäri. Bulardan başga ýene-de üç ýolagçy bar. Olar hakda şundan artyk maglumat berip bilemzok" diýip, Atiýa aýdýar.

Kipriň prezidenti Nikos Anastasiades hadysanyň "terrorizm" bilen ilteşiginiň ýokdugyny belledi. Ýurduň daşary işler ministrligi bir tweetde o diýen köpräk maglumat bermese-de, uçary alyp gaçanyň adynyň Seif Eldin Mustafadygyny bildirdi.

Kipriň Daşary işler ministrliginiň resmisi Aleksandros Zenon žurnalistlere: "Bu durnuksyz psihologik ýagdaýdaky adama meňzeýär, meselä şoňa laýyklykda garalýar" diýdi.

Müsüriň premýer-ministri Şerif Ysmaýyl uçary alyp gaçanyň müsürlidigini aýtdy. Ol Ýewropa Bileleşiginiň resmileri bilen duşuşmagy ýa-da başga bir aeroporta uçmagy talap edipdir.

"Bir gezek Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri bilen duşuşmak isleýändigini aýtdy, ýene bir gezek bolsa başga aeroporta gitmegi sorady. Belli bir zat ýok" diýip, Ysmaýyl aýdýar.

Müsüriň döwlet mediasy uçary alyp gaçanyň ady diýip ilki başga bir adamynyň adyny tutup, onuň Aleksadriýa uniwerstetiniň professorydygyny habar berdi.

Gapma-garşylykly habarlarda uçary alyp gaçanyň Müsürdäki tussaglaryň boşadylmagyny talap edendigi, Kiprde ýaşaýan ýa Kiprden başpena isleýän öňki aýaly bilen gürleşmek isleýändigi aýdylýar.

Müsür hökümetiniň bir sözçüsiniň aýtmagyna görä uçary alyp gaçan Stambula gitmekçi bolupdyr, ýöne pilot oňa ýangyjyň ýeterlik däldigini aýdypdyr.

Onuň ýanynda, öz aýdyşy ýaly, partlaýjylar bolupmy, bu belli däl.

Kipre gelýän turistleriň esasy girelge nokady bolan Larnaka aeroporty başagaýlygyň dowamynda ýapylyp, planlaşdyrylan uçuşlar adanyň günbatar tarapyna geçirildi.

Müsür howaýollaryna degişli uçaryň alnyp gaçylmagy Orsýetiň bir uçarynyň Sinaý ýarymadasynyň depesinde partlap, 224 adam heläk bolandan bäş aý soňra boldy.

"Yslam döwleti" toparynyň jeňçileri ors uçaryny özleriniň urup ýykandygyny aýtdylar.

XS
SM
MD
LG